Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Janyndan geçeniň hüjüminde üç esger öldi


Pakistanyň demirgazyk-günbatar sebitinde janyndan geçeniň amala aşyran hüjüminde, azyndan üç esger öldi, başga-da dokuzsy ýaralandy.

Ýerli resmileriň beren maglumatyna görä, Günorta Waziristan etrabynyň Wana şäherinde, içinde iki adam oturan ulag harby baza tarap ugrapdyr. Esgerler oňa garşy ok atyp başlanlaryndan soň, ulag baza ýetmän partlaýar.

29-njy noýabrda Wana şäherinde amala aşyrylan, janyndan geçeniň başga bir hüjüminde“Talyban” hereketiniň ýokary derejeli wekili Molla Nazir ýaralanypdy, şeýle-de alty töweregi adam ölüpdi.

Pakistanyň hökümeti 2009-njy ýylda Günorta Waziristandaky aşa dinçilere garşy uly operasiýany başladypdy. Emma muňa garamazdan, sebitde hüjümler amala aşyrylýar.
XS
SM
MD
LG