Sepleriň elýeterliligi

Ban: 'Klimat özgermesiniň dahylsyz boljak adamy ýok'


BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun Dohadaky klimat gepleşikleriniň 18-nji sessiýasynyň açylyş dabarasynda çykyş edýär. Doha, 4-nji dekabr, 2012 ý.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun Dohadaky klimat gepleşikleriniň 18-nji sessiýasynyň açylyş dabarasynda çykyş edýär. Doha, 4-nji dekabr, 2012 ý.

Bütindünýä bankynyň global maýlama baradaky täze hasabatynda howanyň gyzmagynyň Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika ýurtlary üçin agyr netijeleriniň boljagy aýdylýar.

Bu hasabat bilen çarşenbe güni, BMG-niň Katardaky klimat gepleşiklerinde tanyşdyryldy. Onda arap ýurtlaryndaky temperaturynyň 2050-nji ýyla çenli, Selsi boýunça, ortaça 3 dereje ýokarlanjagy çaklanýar.

Hasabat temperaturanyň ýokarlanmagynyň howanyň has yssy we gurak bolmagyna getirip, oba hojalygyna we syýahatçylyga heläkçilikli zarba urup biljegini duýdurýar.

"Kadasyzlyk indi täze kada"

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun sişenbe güni Katardaky duşuşyga gatnaşýan döwlet delegasiýalaryny howa goýberilýän zyýanly gazlary kemeltmek boýunça täze şertnama baglaşmak barada ylalaşyga çagyrdy.

Ban adatdan daşary howa şertleriniň “täze kadadygyny” belläp, hökümetleriň abanýan howp-hatarlara taýýarlyk üçin çäre görmeli wagtynyň gelendigini nygtady.

"Howp-hatar alamatlary çar töwerekde görünýär. Dünýä ilatynyň üçden biri aramdan ýokara çenli suw basyşly ýurtlarda ýaşaýar. Topragyň arryklamagy 1.5 milliard adama täsir ýetirýär. Buz tikeçleri görlüp-eşidilmedik ýagdaýda owranýar, deňiz derejeleri ýokary galýar. Kadasyzlyk indi täze kada” diýip, Ban aýtdy.

Ban Ki-mun Afrika Bileleşigi komissiýasynyň başlygy Jean Ping (S) bilen. Doha, 13-nji aprel,2011.

Ban Ki-mun Afrika Bileleşigi komissiýasynyň başlygy Jean Ping (S) bilen. Doha, 13-nji aprel,2011.

BMG-niň başlygy klimat özgermesiniň Ýer togalygynyň üstünde täsir ýetirmejek adamsynyň bolmajagyny, munuň adamzat we onuň geljekki planlary üçin dowamlylyk synagydygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

"Klimat özgermesiniň, baý-garyp, dahylsyz boljak adamy ýok. Bu tutuş adamzat, biziň geljekki planlarymyz üçin bir dowamlylyk synagy. Biz bu problema bilelikde eýe çykmaly we şondan soň oňa çözgüt tapmaly” diýip, Ban nygtady.

Ban geçen aýda ullakan zaýaçylyga sebäp bolan Sendi tupanynyň oýanmak we herekete geçmek üçin çagyryş bolandygyny hem sözüne goşdy.

Şübhelenýän alymlar

Alymlaryň çaklaňja bir topary global maýlamanyň we soňky onýyllyklardaky howa hadysalarynyň adam hereketleri, gazylyp alynýan ýangyçlaryň ýakylmagy netijesinde howa ýaýraýan kömürturşy gazlar bilen baglydygyny sorag astyna almagy dowam etdirýär.

Dohada Kiota protokoluny uzaltmak boýunça geçirilýän gepleşikler anna güni soňlanmaly. Tasdan iki hepdä çeken gepleşiklerde şu wagta çenli uly bir öňegidişlik gazanylmady.

Şu ýylyň aýagynda möwriti geçýän Kiota protokolunyň möhletiniň uzaldylyp bilinmezligi dünýä ýurtlaryny BMG-niň zyýanly gazlary kemeltmek baradaky talabyndan boşadar.

Hytaý we Hindistan meselesi

Orsýet, Ýaponiýa we Kanada özleriniň Kiota protokolundan çykýandyklaryny, sebäbi Hytaý, Hindistan ýaly ýurtlaryň zyýanly gazlary kemeltmek baradaky talaplary ýerine ýetirmeýändigini aýdýarlar.

Hytaýdan soň iň kän kömürturşy gaz ýaýradýan ýurt bolan Birleşen Ştatlar hem, bu şertnamanyň Hytaý we Hidistan ýaly döwletler babatdaky çäresizligine salgylanyp, Kiota protokulyna goşulman gelýär.

Kiota protokoly babatda global ylalaşyga gelmek üçin 2009-njy ýylda, Kopenhagende geçirilen gepleşikler hem netijesiz gutarypdy.
XS
SM
MD
LG