Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan: Senat amnistiýa baradaky rezolýusiýany tassyklady


Özbegistanyň senaty amnistiýa baradaky rezolýusiýany tassyklady. Ol penşenbe güni güýje girmeli.

Amnistiýa baradaky rezolýusiýany prezident Yslam Kerimow öňe sürdi. Oňa kiçi jenaýatlary amala aşyran, şeýle-de jemgyýete hiç hili howpy döretmeýän adamlar girýär.

Amnistiýa düşen adamlar ýa türme tussaglygyndan boşadylar ýa-da olaryň jeza möhleti azaldylar. Amnistiýa näçe adamyň düşjekdigi barada maglumat ýok.

Özbek senatory Swetlana Artykowanyň çarşenbe güni beren maglumatyna görä, amnistiýa ýurduň konstitusiýasynyň 20 ýyllygyna gabatlanyp geçirilýär. Özbek konstitusiýasy 1992-nji ýylyň 8-nji dekabrynda kabul edilipdi.
XS
SM
MD
LG