Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şiraly: Poeziýa bilen 50 ýyl


Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda ýaşaýan şahyr Şiraly
Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda ýaşaýan şahyr Şiraly
Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda ýaşaýan şahyr Şiraly üçin, 6-njy dekabr aýratyn gymmatly sene. Ol bu günde dünýä inipdi (1945 ý). Ese-boýa galyp, öz ýoluny saýlap başlanyndan, aýdym-saza hem poeziýa göwün berdi.

Soňra ol ömrüni tutuşlygyna poeziýa – çeper edebiýata bagyş etdi. Indi 50 ýyl – ýarym asyr onuň hyzmatynda.

Şahyr Şiraly Halkara PENklubyň baýragyna mynasyp boldy. Şwesiýada bolsa oňa Halkara Kurt Tuholsky baýragy berildi.


Bir bigünä başyň üstünden inen
Nähak bir näletiň agramy bilen –
Iteleşip, ýakalaşyp,
Bir-birini tirseklep,
Harplar sözlere,
Sözlerem setirlere
Girjek bolup uly basga düşýäler.

Eý, Hudaý, ne beýle agyr,
Ne beýle kyn goşgy ýazmak!

Tamdyr deýin gyzan kelle
Iş taşlaýyş yglan edýä.
Diňe garyn diýen binamys çukur
Açlyk yglan edenok.

Nä tapawudy bar eliň aýakdan –
Döwet-galamyny dogry tutmasa?
Aýaňdaky köp manyly çyzyklar
Ýitip gitse – çäge syran ýoda deý?

Täze goşgy ýazan şahyryň kalby
Çaga dogran ene kimin parahat...

Hakyky, halal bir eser döretmek –
Meýletin bir sütem, süýji bir jebir.

Şahyr uzak dymsa jaýrylýa sesi,
At toýnagnyň sesine zar takyr deý.

Goşgy üçin tema – uç-gyraksyz çöl.
Ýöne, temadan köp goşgulaň sany,
Ýöne, goşgudan köp şahyrlaň sany...

Ah, ýöne olaryň hemmesi üçin
Şeýle kyn bolsady çyn eser ýazmak!

...Aýallara dogurmak kyn henizem,
Aýratynam – şahyrlary dogurmak.

* * *

Gözleriň giden bir düýpsüz okean,
Tolkunlardan ykbalymy okaýan.

Men hiç kimiň töwellasyn alamok,
Çümüp gidýän, emma ýüzüp bilemok.

Alamok oklanýan halas halkasyn,
Ah, eziz gämiçim, Taňry ýalkasyn!

Derdimi egnimde özüm çekeýin,
Suw perisin tutman, nädip çykaýyn?

Halas etjek bolýaň meni nämüçin,
Gark bolanym ýagşy dälmi, gämiçim?

Teniňi ýerde däl, suwda gömmäne
Özüňem bökerdiň beýle ummana.

Gaty ýalňyşarsyň töwella alsaň,
Begen – şol gözlere nyşana bolsaň!

Göz ýüregiň aýnasydyr diýilýär...
Bir ömürde ýeke gezek söýülýär!

Çyn söýginiň ikinjisi bolanok,
Buza dönen duýgy gaýdyp gelenok.

Yzyndan gygyryp galma azara,
Keýpine çykýarmy çöle – awara?

...Suwdan başlap, çägä urduk soňuny,
Haýsy ot ereder hijran doňuny?

Ýene şol gözlere dolanan ýagşy...
Belent heňin soňa goýarmyş bagşy.
XS
SM
MD
LG