Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: ABŞ-nyň pilotsuz uçarlarynyň hüjüminde iki adam öldi


Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda ABŞ-nyň pilotsyz uçarlary tarapyndan amala aşyrylan hüjümde, söweşijidigi öýdülýän iki adam öldürildi. Bu barada Pakistanyň howpsuzlyk resmileri habar berýär.

Maglumata görä, hüjüm penşenbe güni irden Demirgazyk Waziristan sebitiniň Mubarak Şahi obasynda amala aşyrylypdyr.

Hüjümiň amala aşyrylan regionynda, ýerli söweşijileriň belli komandiri Hafiz Gül Bahadur agalyk edýärdi. Ol owgan hökümetiniň we daşary ýurt goşunlaryna garşy hüjümleri amala aşyrýardy.

Pakistanyň hökümeti ABŞ-nyň pilotsyz uçarlarynyň amala aşyrýan hüjümlerini tankytlaýar. Yslamabat bu hüjümleri ýurduň özygtyýarlylygyny bozmak hökmünde häsiýetlendirýär.
XS
SM
MD
LG