Sepleriň elýeterliligi

Kabardino-Balkariýada ministriň orubnasary ýaralandy


Demirgazyk Kawkazyň Kabardino-Balkariýa respublikasynda bomba hüjümidigi öýdülýän wakada, respublikanyň transport ministriniň orunbasary ýaralandy.

Wladislaw Dýadçenkonyň penşenbe güni keselhana ýerleşdirilendigi habar berilýär. Onuň saglyk ýagdaýy barada, häzirlikde maglumat ýok.

Içeri işler ministrligiň berýän maglumatyna görä, näbelli hüjümçiler Dýadçenoknyň Nalçikdäki öýüniň golaýynda partlaýjy serişdeleri ýerleşdiripdirler. Dýadçenko öýüniň howlusyndan çykan mahaly, partlaýjy serişde ýarylypdyr.

Bu wakadan birnäçe sagat öň, paýtagt Nalçikda, nämälim adamlaryň amala aşyran hüjüminde, Vesti-VGTRK telewizion kanalynyň habarçysy kellesinden atylyp öldürilipdi.

Öldürilen žurnalistiň Kazbek Gekkiýew bolandygy aýdylýar.

Kärdeşleriniň aýtmagyna görä, Gekkiýewe agşamky habarlary tamamlap, öýüne gaýdyp barýan mahaly hüjüm edilipdir.

Maglumata görä, ýaňy-ýakynda “ekstremistler” kanalyň ýene iki sany habarçysyny öldüriljekdigini aýdyp haýbat atypdyrlar. Mundan soň, işgärleriň howpsuzlygy nazara alnyp, olar efirden aýryldy.

Demirgazyk Kawkaz sebitinde, ýagny Çeçenistanda, Dagystanda, Inguşystanda we Kabardino-Balkariýada yslamçy söweşijileridigi öýdülýän toparlar bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklarda her ýyl onlarça adam ölýär we ýaralanýar.
XS
SM
MD
LG