Sepleriň elýeterliligi

Filippinde tebigy harasatda ölenleriň sany artýar


Filippinlerde ýüz beren apy-tupany sebäpli ölenleriň sany köpelýär. Häzirki wagtda 300-den gowrak adam ölüp, 400 töweregine hem şikes ýetdi.

Resmileriň aýtmagyna görä, sişenbe güni ýurduň merkezi we günorta sebitine gelen harasatdan soň, 300-den gowrak adam hem dereksiz ýitipdir.

Harasat sebäpli iň köp Kompostelo Walleý we Dawao Oriental welaýatlaryna zeper ýetdi. Bu sebitlerde 220 adam ölüpdir diýip çaklanýar.

Resmileriň aýtmagyna görä, 190 müňe golaý adam entäk hem ewakuasiýa merkezlerinde bolmagyna galýar.
XS
SM
MD
LG