Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanda Polşanyň konsullygynyň öňünde protest geçirildi


Gazagystanda adam hukuklaryny goraýjy onlarça aktiwist Polşanyň Almatydaky konsullygynyň öňünde protest geçirdiler. Olar Polşadan bir gazak raýatynyň ekstradisiýa edilip bilenjekdigine nägileligini bildirdiler.

Protestçileriň sözlerine görä, şu hepde Polşada tussag edilen Meirman Şauenow yzyna – Gazagystana ekstradisiýa edilse, onuň gynamalara sezewar edilmek howpy bar.

Gazak hökümetiniň Žanaözendäki ganly çaknyşyklar boýunça başlan derňewinden soň, şu ýylyň ýanwarynda Şauenow özüniň maşgala agzalary bilen Polşa gidipdi.

2011-nji ýylyň dekabrynda Žanaözen şäherinde nebitçiler bilen polisiýanyň arasynda ganly çaknyşyklar bolupdy. Şonda polisiýa azyndan 16 adamy atyp öldüripdi.

Şauenowyň aýalynyň Azatlyk Radiosyna beren gürrüňne görä, Polşanyň polisiýasy onuň adamsyny Gazagystanyň haýyşy esasynda tussag edipdir.
XS
SM
MD
LG