Sepleriň elýeterliligi

Müsür: Kairde prezident köşgüniň daşynda tanklar ýerleşdirildi


Kairde prezidentiň köşgüniň daşynda azyndan üç tank, şeýle-de içi esgerli ençeme harby ulag ýerleşdirildi. Bu barada şaýatlar maglumat berýär.

Mundan öň, prezident Mohammad Mursini goldaýanlar we oňa garşy çykýanlaryň arasynda ganly çaknyşyklar ýüz beripdi.

Keselhana işgärleriniň berýän maglumatyna görä, çarşenbe güni prezident köşgüniň daşynda dörän çaknyşykda, azyndan üç adam öldi, başga-da 350-ä golaýy ýaralandy.

Mursiniň tankytçylary, prezidentiň öz ygtyýarlyklaryny artdyrýan kanunyna, şeýle-de aglaba yslamçylar tarapyndan düzülen täze konstitusiýanyň taslamasyna garşy çykýarlar.
XS
SM
MD
LG