Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nalçikdäki hüjümlerde hökümet resmisi ýaralandy, žurnalist öldürildi


Polisiýa žurnalist Kabek Gekkiýewiň öldürilen ýerinde derňew geçirýär, Kabardino-Balkariýa, Nalçik, 6-njy dekabr, 2012.
Polisiýa žurnalist Kabek Gekkiýewiň öldürilen ýerinde derňew geçirýär, Kabardino-Balkariýa, Nalçik, 6-njy dekabr, 2012.
Orsýetiň Kabardino-Balkaria respublikasynda ýüz beren iki hüjümde döwlet ministri ýaralanyp, keselhana eltildi, bir žurnalist bolsa öldürildi.

Penşenbe güni bolan bomba partlamasynda Demirgazyk Kawkazdaky Kabardino-Balkariýanyň transport ministriniň orunbasary Wladislaw Dýadçenkonyň ýaralanandygy habar berilýär. Onuň ýagdaýy barada häzirlikçe maglumat berilmeýär.

Orsýetiň içeri işler ministrliginiň beýanatyna laýyklykda, näbelli adamlar Dýadçenkonyň Nalçik şäherindäki öýüniň haýatynda bomba ýerleşdiripdirler. Bombanyň Dýadçenko howlusyndan çykyp ugranda partladylandygy aýdylýar.

Bu wakadan birnäçe sagat öň ýaraglanan bir näbelli adam Nalçik şäherinde meşhur teležurnalisti atyp öldüripdir. Öldürilen Kazbek Gekkiýew “Vesti-VGTRT” telekanalynda işleýärdi. Kärdeşleriniň aýtmaklaryna görä, ol çarşenbe güni işden öýlerine barýarka öldürilipdir.

Orsýetiň Derňew komitetiniň sözçüsi Wladimir Markiniň penşenbe güni Moskwada žurnalistlere aýtmagyna görä, Gekkiýewiň näme sebäpden öldürilendigi anyk çaklanylýar.

“Häzirki wagtda Gekkiýewiň professional işi sebäpli öldürilendigi barada anyk çaklamamyz bar. Bigaýratlyk bilen amala aşyrylan bu jenaýat gizlin hereket edýän söweşijilere garşy göreşýän beýleki žurnalistlere duýduryş bolup biler” diýip, Markin aýtdy.

Markiniň aýtmagyna görä, Gekkiýewi öldürenler muny öňünden berk planlaşdyrypdyrlar.
“Gekkiýewi öldürmezden öň jenaýatda gümän edilýänler onuň dogrudan hem habarlar programmasynyň žurnalistdigini anyklapdyrlar. Bu esasy güman edilýän sebäbi tassyklaýar. Gekkiýew üç gezek atylypdyr. Dokuz millimetr kalibrdäki peşeň jenaýatyň bolan ýerinde tapyldy” diýip, Markin maglumat berdi.

Žurnalistlere haýbat atylýar

Gekkiýewiň kärdeşleri ekstremistleriň mundan ozal telewideniýede işleýän başga iki žurnalisti öldürmek bilen haýbat atandyklaryny aýdýarlar. Telewideniýäniň ýolbaşçylary şol iki žurnalistiň howpsuzlygy üçin olary efirden aýyrdylar.

Orsýetiň döwlet tele-radio kompaniýasynyň baş direktory Oleg Dobrodeýew penşenbe güni Gekkiýewiň garyndaşlaryna we kärdeşlerine gynanç bildirdi:

“Şu gün biziň hemmämiz siz bilen. Biziň ählimiz, Orsýetde işleýän ýüzlerçe, müňlerçe žurnalist, bir maşgaladyrys. Şu agyr, aýlyganç pursatda biz Moskwada size ýardam bermek üçin elimizden gelenini ederis.”

Demirgazyk Kawkazda Yslamyň ekstrimizm formasy boýunça ýörite taýýarlanan yslamçy söweşijiler yzygiderli terror hüjümini amala aşyrýarlar we hökümet resmilerine, polisiýa we aram musulmanlara garşy hüjüm edýärler.

Kabardino-Balkariýa, Dagystan , Inguşystan we Çeçenistan regionda bidüzgünçilikleriň has köp ýüz berýän respublikalary hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG