Sepleriň elýeterliligi

"Türkmenistanyň Hronikasy" saýtyna hüjüm edildi


"Türkmenistanyň Hronikasy" web saýtynyň (yzky planda) görnüşi.

"Türkmenistanyň Hronikasy" web saýtynyň (yzky planda) görnüşi.

Düýbi Awstriýada ýerleşýän “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň Türkmenistan barada yzygiderli maglumat berýän “Türkmenistanyň hronikasy” websahypasy penşenbe güni, ýagny 6-njy dekabrda petiklenipdir.

“Türkmen inisiatiwasy” toparynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatulliniň sözlerine görä, websaýta haker hüjümi amala aşyrylypdyr. Azatlyk Radiosy Tuhbatullin bilen ýörite söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Farid, siziň websahypaňyz penşenbe güni açylmady. Munuň sebäbi nämede?

Farid Tuhbatullin

Farid Tuhbatullin

Farid Tuhbatullin: Öten agşam biziň saýtymyza ýene nobatdaky haker hüjümi edilip, ol petiklendi. Emma bu saýtymyza edilen ilkinji haker hüjümi däl. Men munuň soňky hüjüm boljakdygyny hem aýdyp biljek däl.

Meniň pikirimçe, bu hüjümler Türkmenistanyň ýörite gulluklarynyň gatnaşmagynda ýa-da olaryň gönümel görkezmesi esasynda edilýär.


Azatlyk Radiosy: Farid, siziň pikiriňizçe, saýtyňyzyň petiklenmegine näme sebäp boldy?

Farid Tuhbatullin: Men munuň häzir Aşgabatda geçirilýän GDA döwletleriniň sammiti bilen ilteşiginiň bolmagynyň mümkindigini hem çaklaýaryn.

Şeýle-de ýakynda biz saýtymyzda mundan 10 ýyl ozal, 2002-nji ýylyň noýabr-sanjar, ýagny “Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy” diýilýän wakalar barada ýörite wideointerwýu ýerleşdiripdik. Belki, bu hem belli bir derejede saýta hüjüm edilmegine sebäp bolan bolmagy mümkin.

Her niçigem bolsa, edil häzirki pursatda men saýta anyk näme sebäplerden hüjüm edilendigini aýdyp biljek däl.

Azatlyk Radiosy: Siz ýaňy munuň saýtyňyza edilen “ilkinji we soňky hüjüm däldigini” aýtdyňyz. Eýsem, siziň pikiriňzçe, umuman alanymyzda, siziň websahypaňyza näme üçin haker hüjümleri edilýär?

Farid Tuhbatullin: Men gynanç bilen bir zady bellemekçi: “Türkmenistanyň hronikasy” websaýty Türkmenistandaky bolup geçýän wakalar barada garaşsyz häsiýetde habar berýän sanlyja websaýtlaryň biri.

Biziň öz habarçylarymyz bar, biz yzygiderli maglumatlary berýäris. Elbetde, bu Türkmenistanyň habar serişdeleriniňki ýaly onçakly bir oňaýly maglumatlar hem däl. Sebäbi biz tankydy maglumatlary hem çap edýäris.

Şunlukda biziň websaýtymyza yzygiderli haker hüjümleri amala aşyrylýar. Bu ýagdaýlar Türkmenistanda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň öňüsyrasynda hem bolupdy.

Garaz, haçan-da Türkmenistanda uly çäreler geçirilende ýa-da olar üçin has ýakymsyz maglumat çap edilende, saýtymyza haker hüjümleri edilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG