Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Ozalky harby komandirlere nägilelik artýar


Öten aý janyndan geçen bir hüjümçiniň Kabulyň halkara harby kompleksinde bomba partladandygy baradaky habar eşidilen badyna ýerli polisiýa işgäri Muhammad Ismail şol ýere iberilýär.

Oňa berlen buýruk – bu ýere ulag ýa adam goýbermezlik hem-de ol ýerdäki adamlary howpsuz ýere çykarmak.

Aradan kän salym geçmänkä bir gara maşyn gelip, bagly ýoldan geçmekçi bolanda Ismail sürüjä ýol bermän, ençeme gezek oňa yzyna dolanmalydygyny aýdýar.

Sanlyja salymyň içinde parlamentiň wekili, söweşijileriň öňki komandiri Hajy Zahir Kadyryň şahsy goragçylary maşyndan düşüp, Ismaile sögüp, hüjüm edýärler. Onuň ýanyndaky beýleki polisiýa işgärleri bolsa gaçyp gidýärler.

Ýerli ýaşaýjylar ýaralanyp, ýoluň gyrasyna taşlanan Ismaili alyp, keselhana getirýärler.

"Hiç bir delilsiz ýere ýakamdan tutup, maňa hüjüm etdiler. Olaryň biri beýleki janpenalara maňa hüjüm etmeklerini aýtdy. Janpenalar meniň daşymy alyp, tüpeňleri bilen iki bykynyma, gursagyma we arkama dürtdüler. Onsoň olaryň biri ýeňsäme urdy. Şondan soňra näme bolanyny bilemok" diýip, Ismail aýdýar.

21-nji noýabrda Ismaile edilen hüjüm Kadyryň garşysyna goh-galmagal turzup, häzir hökümetdäki söweşijileriň ozalky komandirleri barada oňaýsyz reaksiýalara getirdi. Bu hüjümden düşürilen suratlar jemgyýetçilik ulgamlarynyň saýtlarynda ýerleşdirileninden soň gahar-gazap has-da beter artdy.

Öňki komandirleriň "kuwwady"

Turan gykylyk zerarly Owganystanyň Içeri işler ministrligi 23-nji noýabrda Kadyryň janpenalary barada derňew işini ýola goýup, olar tutuldylar. Ýöne Kadyr bilen birlikde birnäçe kanun çykaryjylar Ismailiň ýanyna baryp, ötünç soranlaryndan soň aradan bir hepde geçer-geçmez janpenalar türmeden boşadyldylar.

Bu ötünji göwünli-göwünsiz kabul eden we ýaralary indi gowulanyp gelýän Ismail, bu hadysanyň Kadyr ýaly öňki söweşijiler komandirleriniň täsiriniň we güýç-gudratynyň alamatydygyny aýdýar.

Kadyr ozal Demirgazyk alýansyň ýokary derejeli harby ýolbaşçysydy. Mujahediniň ”Talybanyň” garşysyna urşan güýçli adamlarynyň ýurduň syýasy işlerinde täsirleri entegem uly.

Häzirki hökümetde ýokary orunlarda oturan öňki söweşijileriň harby ýolbaşçylaryna owganlaryň aglaba köplügi harby jenaýatkärler diýip garaýarlar. Olary häkimiýetden hyýanatçylykly peýdalanyp, zorluk bilen halkdan pul alýanlykda, halkyň mal-mülküni öz atlaryna geçirýänlikde, garşydaşlayna hüjüm edýänlikde aýyplaýarlar.

Ismail bu hüjüme özüne däl-de, tutuş ýurda edilen hüjüm hökmünde garaýar: "Meniň polisiýa papagym we nyşanym ýere gaçanda ony utanyp, ýerden alyp bilmedim. Has ýamany meniň nyşanyma hormatsyzlyk edilmegi Içeri işler ministrligine, Kabulyň howpsuzlyk komandirine, owgan prezidentiniň hut özüne hormatsyzlyk edilmegi".

"Facebook" we "Twitter" ýaly jemgyýetçilik ulgamlarynda görkezilen reaksiýlar hem edil şunuň ýaly tankydy boldy. Mysal üçin, Şafiga Ahmadi Facebookda şeýle ýazdy: "Bu dönük, ogry uruşparaz serkerdelere biziň howpsuzlyk güýçlerimiziň bir agzasyna ölümlik derejede beýle hüjüm etmäge kim hukuk berýär? Içeri işler ministrligi polisiýa işgärini goramagyň deregine näme üçin bu fundamentalistleri goraýar?"
XS
SM
MD
LG