Sepleriň elýeterliligi

Harkowda öldürilen türkmen studentiniň işi boýunça derňew gidýär


Ukrainanyň Harkow şäherinde täjik we türkmen studentleri öz aralarynda ýakalaşdylar. Köpçülikleýin urşuň netijesinde 6-njy kursuň studenti, türkmenistanly Nury Sultanowyň öldürilendigi habar berilýär.

Ukrainanyň Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, waka 4-nji dekabrda Harkowdaky student şäherçesinde ýüze çykypdyr.

Täjigistanyň Kiýewdäki ilçihanasynyň Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna aýtmagyna görä, Täjigistanyň diplomatik missiýasynyň wekili Harkow şäherinde bu işiň derňewine gatnaşýar.

Harkowyň Milli medisina uniwersitetiniň rektoraty we işgärleri Nury Sultanowyň tragiki ölümi bilen bagly onuň garyndaşlaryna we ýakynlaryna gynanç bildirdiler. Sultanowyň suraty bilen bu gynanç haty uniwersitetiň saýtynda ýerleşdirilipdir.
XS
SM
MD
LG