Sepleriň elýeterliligi

Lawrow: "Orsýet hem amerikanlara wiza bermez"


ABŞ-nyň döwlet sekretary H.Klinton we Orsýetiň daşary işler ministri S.Lawrow ÝHHG-nyň Ministrler geňeşinde. Dublin, 6-njy dekabr, 2012 ý.

ABŞ-nyň döwlet sekretary H.Klinton we Orsýetiň daşary işler ministri S.Lawrow ÝHHG-nyň Ministrler geňeşinde. Dublin, 6-njy dekabr, 2012 ý.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Orsýetiňem Birleşen Ştatlaryň adam hukuklaryny bozýan resmilerine wiza bermejegini aýdýar.

Lawrow bu sözleri Birleşen Ştatlaryň Senaty korrupsiýa garşy göreşen aklawçy Sergeý Magnitskiniň ölümi we Orsýetdäki beýleki hukuk bozmalar bilen bilen ilteşikli resmilere garşy girizilmeli sanksiýany sese goýanyndan soň aýtdy.

Bu düzgün Sowuk uruş döwründe Orsýet bilen hemişelik kadaly söwda gatnaşyklaryny etmäge girizilen çäklendirmeleri aradan aýyrmaga gönükdirilen giňiş kanun taslamasynyň bir bölegidi.

Moskwa, ar aljagyny aýdyp, adam hukuklary düzgünine garşy çykdy.

Ors mediasy Lawrowyň sözlerine salgylanyp, onuň penşenbe güni, Dublinde bolan duşuşykda, ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillari Klintona Moskwanyň bu meselede planlaşdyran hereketi barada aýdandygyny ýazdy.

"Absurd teatryndaky sahna"

Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Mariýa Zaharowa anna güni ors telewideniýesine beren interwýusynda bu çäräniň iki ýurduň geljekki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyna örän negatiw täsir ýetirjegini aýtdy.

“Bu absurd teatryndaky bir sahna. Waşington munuň haýsy ýyldygyny unudan bolmaly we ol Sowuk uruş entegem dowam edýändir öýdýär, ýa-da senatorlar öz hususy jemgyýetçilik gatnaşyklary bilen aşa gümra bolup, görnetin zatlary görmeýärler: iki tarapam bireýýämden öz territoriýasynda zerur hasaplan adamsyny ýurda girizmän bilýär, munuň üçin aýratyn kanunyň geregi ýok.”

"Putine iberilen habar"

Respublikaçy senator Jon MakKeýn (Arizona) bu çäräniň Kremle açyk habar gönderendigini aýdýar.

Senator Jon MakKein

Senator Jon MakKein

“Sergeý Mangitskiý bir adaty adamdy, emma ol adalatyň, dogruçyllygyň we Orsýetde, bu ýörelgeleriň tasdan bar manysyny ýitiren ýerinde kanunyň hökmürowanlygynyň adatdan daşary çempiony boldy. Meniň pikirimçe, biz Wladimir Putine we Orsýet kleptokratiýasyna, bize belli bir derejede jogap bermezden, bu hili hukuk bozulmalara çydamlylyk edilmejegi barada yşarat iberdik.”

Birleşen Ştatlaryň Wekiller öýünde, Senatyň 92 agzasynyň goldamagynda, 4 agzasynyň garşy çykmagynda geçirilen ses berişlik noýabrdaky çäreleriň arkasyny alýar. Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň beýanatynda “bu kanun taslamasynyň özüne gowuşmagyna garaşýandygy we oňa gol çekjekdigi” aýdyldy.

Eger ol şeýtse, Moskwa 1974-nji ýylyň Jakson-Wanik düzedişinden, Sowet soýuzyna ýewreý emigrasiýasyny çäklendirmek syýasaty üçin girizilen söwda çäklendirmelerinden boşadylar. Bu çäklendirmeler iki onýyllyga golaý ýatyrylypdy, ýöne kagyz ýüzünde, ABŞ-nyň Orsýetde adam hukuklarynyň bozulmalyryna garşylygynyň simwoly hökmünde, saklanyp galypdy.

Söwda bähbitleri we adam hukugy

Orsýete, dünýäniň ýedinji orundaky uly ykdysadyýetine Hemişelik kadaly söwda gatnaşyklary statusynyň berilmegi Birleşen Ştatlara Moskwanyň awgust aýynda Bütidünýä söwda guramasyna girmeginden doly peýdalanmaga ygtyýar berýär.

Kongresiň agzalary bu çäklendirilmeleriň ýatyrylmagyna diňe olar Sergeý Magnitskiniň Kanun hökmürowanlygyna jogapkärçilik akty bilen baglanyşdyrylan ýagdaýynda razy boldular.

Bu kanun taslamasy Obamanyň Magnitskiniň ýanalmagy we ölümi, şeýle-de Orsýetde adam hukuklaryny gödek bozmak bilen bagly beýleki resmileriň atlaryny açyk aýtmagyny, olaryň Birleşen Ştatlarda ýerleşýän emläkleriniň doňdurylmagyny we wiza talaplarynyň ret edilmegini talap edýär.

37 ýaşly Magnitskiý 2009-njy ýylda, hökümetdäki 230 million dollarlyk galplykda ýokary derejeli resmileriň eliniň bardygyny güman edeninden soň, Moskwa türmesinde ýogaldy. Onuň saglyk talaplary öwran-öwran ret edilipdir we bir ýyla golaý tussaglyk mahalynda gynalandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG