Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada türkmen studenti öldürildi


Nury Sultanow
Nury Sultanow
Ukrainanyň Harkow şäherinde täjik we türkmen studentleri öz aralarynda ýakalaşdylar. Köpçülikleýin urşuň netijesinde 6-njy kursuň studenti, türkmenistanly Nury Sultanowyň öldürilendigi habar berilýär.

Tajigistanyň Kiýewde ýerleşýän ilçihanasy Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda öz diplomatlarynyň şu wagt gynançly wakanyň bolan ýeri – Harkowda meseläniň üstünde işleýändiklerini aýtdy.

Ukrainanyň Içeri işler ministrliginiň habar bermegine görä, 4-nji dekabrda Harkow şäherindäki talyplaryň ýaşaýan şäherçesinde bolan köpçülikleýin uruşda Harkow lukmançylyk uniwersitetiniň altynjy kursunda okaýan türkmenistanly talyp agyr ýaralanyp, aradan çykypdyr. Berilýän maglumatda köpçülikleýin uruşda iki tarapdan 30 töweregi adamyň gatnaşandygy aýan edilýär.

Ukrainanyň Içeri işler ministrligi wakanyň sebäpkäri diýlip şübhelenilýän 19 ýaşly biriniň tussag edilendigini habar berýär. Güman edilýäniň garşysyna, Ukrainanyň Jenaýat kanunyna görä, adamy agyr ýaralap, onuň ölümine sebäp bolmakda aýyplanyp, jenaýat işi gozgalypdyr.

Ýaşlaryň urşuna gyz meselesi sebäp bolupdyr.
Ukrainanyň Içeri işler ministrligi
Täjigistanyň Kiýewdäki ilçihanasynyň maglumatyna görä, “derňew işi başlanypdyr, ýagdaýlar anyklanýar, şonuň üçin hem häzir bolan wakada täjik talyplarynyň günäli bolup-bolmandygyny aýdardan ir”.

Ukrainanyň Içeri işler ministrliginiň Harkow welaýat bölüminiň öz internet sahypasynda çap eden habaryna göra, ýaşlaryň urşuna gyz meselesi sebäp bolupdyr we “ýaşlar uruş arkaly şol gyzyň kim bilen duşuşmalydygyny kesgitlemek isläpdirler”. Türkmenistanly 24 ýaşyndaky talyp uruşda agyr ýaralanyp, tiz kömek bilen keselhana gyssagly äkidilipdir we şol ýerde hem aradan çykypdyr.

Ukrainanyň Içeri işler ministrliginiň maglumatynda, “Harkowyň Dzeržinsk ertabynyň polisiýa bölüminiň işgärleriniň anyklamagyna görä, özara uruşda 19 ýaşly täjigistanly oglan öldürilen talybyň kellesine urupdyr hem depipdir. Munyň netijesinde hem türkmen talyby huşundan gidip, ýere ýykylypdyr” diýilýär.

Harkowyň Milli lukmançylyk uniwersitetiniň internet sahypasynda ölen türkmen talyby Nury Soltanowyň suraty ýerleşdirilip, uniwersitetiň rektorlygnyň, işgärleriniň we talyplarynyň aradan çykantürkmen talybynyň maşgalasyna duýgudaşlyk bildirýändigi, şeýle-de bu meselede derňew işleriniň dowam edýändigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG