Sepleriň elýeterliligi

Klinton: Adam hukuklary boýunça Türkmenistandan jogap ýok


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Dublinde çykyş edýär. 6-njy dekabr, 2012 ý.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Dublinde çykyş edýär. 6-njy dekabr, 2012 ý.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Ýewraziýa sebitinde ykdysady integrasiýany giňden ornaşdyrmak boýunça edilýän tagallalary “sebiti sowetsizleşdirmek boýunça aladalar” diýip häsiýetlendirdi.

Klinton bu barada penşenbe güni Dublinde hukukçylaryň we graždan jemgyýetçilik toparlarynyň wekilleri bilen geçirilen halkara konferensiýanyň dowamynda çykyş etdi.

Klinton Orsýetiň başda durmagynda dörediljek bolunýan, Belarusyň we Gazagystanyň hem girýän Gümrük birligi barada-da durup geçdi. Ol: “Biz munuň näme maksatlary öz öňünde goýýandygyny bilýäris. Biz olary haýallatjak ýa-da duruzjak çäreler barada pikir edýäris” diýdi.

Orsýetiň prezidentiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow muňa “ýagdaýlara bütinleý ýalňyş baha berlip” edilen beýanat diýdi.

Hususan-da, Peskow: “Ozalky Sowet Soýuzynyň territoriýasynda integrasiýanyň täze bir görnüşi kemala gelýär. Bu diňe ykdysady integrasiýadyr. Häzirki dünýä şertlerinde integrasiýanyň başga bir görnüşi mümkin hem däl” diýdi.

Oktýabr aýynda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin öz gazet makalasynda has çuňňur integrirlenen “Ýewraziýa Birligine” çagyrdy. Putin şol makalasynda: “SSSR-i täzeden dikeltmek barada gürrüň gidenok. Geçmişdäki zady gaýtadan döretmek ýa-da ony gaýtalamak sadalyk bolar. Häzir täze gymmatlyklaryň, syýasatyň we ykdysadyýetiň esasynda has çuňňur integrasiýa barada gürrüň edilýär” diýip belläpdi.

Adam hukuklary

Penşenbe güni eden çykyşynda Klinton Orsýetde, Ukrainada, Belarusda we Türkmenistanda ABŞ-nyň howandarlygyndaky graždan jemgyýetçilik toparlarynyň alyp barýan işlerini, şol ýurtlaryň jenaýat diýip atlandyrmagyny tankytlady.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň işlerini çäklendirmek tagallalaryna garşy durmak ugrunda işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Klinton Belarus babatynda Waşingtonyň häzire çenli hiç zat edip bilmändigini, Ukrainadan bolsa “lapykeç bolandygyny” hem nygtap geçdi.

Klinton ABŞ-nyň Türkmenistandaky adam hukuklary baradaky meseleleri elmydama gozgap gelýändigini, emma “muňa hiç hili jogabyň berilmeýändigini” hem aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Orsýetde hökümete degişli bolmadyk ähli guramalara täsirini ýetirjek kanuna özüniň aladasyny bildirdi. Bu kanun geçen aý güýje girdi, bu kanuna görä, daşardan maliýeleşdirilýän guramalar “daşary ýurt agenti” diýlip, hasaba alynmaly.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG