Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lawrow amerikan resmilerine Orsýetiň wiza bermejekdigini aýdýar


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ABŞ-nyň “adam hukuklaryny bozýan” diýip atlandyran resmilerine wiza berilmejekdigini aýdýar.

Lawrow bu beýanatyny Birleşen Ştatlaryň Senaty korrupsiýa garşy göreşen aklawçy Sergeý Magnitskiniň ölümine we Orsýetdäki beýleki hukuk bozmalara dahylly resmilere garşy girizilmeli sanksiýany sese goýanyndan soň etdi.

Bu düzgün Sowuk uruş döwründe Orsýet bilen hemişelik kadaly söwda gatnaşyklaryna girizilen çäklendirmeleri aradan aýyrmaga gönükdirilen giňiş kanun taslamasynyň bir bölegidir.

Moskwa, ar aljagyny aýdyp, adam hukuklary düzgünine garşy çykdy.
XS
SM
MD
LG