Sepleriň elýeterliligi

Lawrow bilen Klinton Siriýa krizisini maslahat edýär


ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillary Klinton we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Siriýa krizisini maslahat etdiler. Olar Dublinde howpsuzlyk boýunça geçirilýän konferensiýanyň çäginde penşenbe güni duşuşdylar.

Olaryň bu duşuşygyna Siriýa boýunça halkara wekili Lakhdar Brahimi hem gatnaşdy.

Ol iki tarapyň bu mesele boýunça çözgüt tapmandygyny, ýöne Siriýa babatynda çapraz gelýän garaýyşlarynyň “ýerlikli” çözgüdiniň üstünde işlejekdiklerini aýtdy.

Waşington we onuň ýaranlary Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň wezipesinden çekilmegini isleýärler. Orsýet bolsa onuň ykbaly daşky güýçler tarapyndan çözülmeli däl diýýär.

Siriýadaky dawada 40 müň adamyň ölendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG