Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: Morsi garşydaşlaryny dialoga çagyrýar


Müsüriň prezidenti Muhammad Morsi ýurtdaky krizisden çykmak üçin garşydaşlaryna “milli dialogy” teklip etdi.

Milli telewideniýede eden çykyşynda Morsi täze konstitusiýa boýunça 15-nji dekabra bellenilen referendumyň plan boýunça geçiriljekdigini aýtdy.

Ol oppozisiýa bilen şenbe güni geçiriljek gepleşigiň krizisi böwüsmäge ýardam berip biljekdigini aýtdy.

22-nji noýabrda, Morsi öz ygtyýarlyklaryny giňeldýän permany çykaraly bäri, Müsürde protestler dowam edýär.

Morsiniň opponentleri aglabasy yslamçy agzadan durýan Assambleýanyň hödürlän konstitusion taslamasyna hem garşy durýarlar.
XS
SM
MD
LG