Sepleriň elýeterliligi

Putin žurnalistiň ölümi boýunça işi çözmek barada görkezme berdi


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Demirgazyk Kawkazdaky Kabardino-Balkariýa respublikasynda teležurnalistiň öldürilmegine dahylly her bir adamy jenaýata jekmek üçin tagallalary güýçlendirmek barada Demirgazyk Kawkazyň kanun goraýjy we howpsuzlyk edaralaryna görkezme berdi.

28 ýaşly teležurnalist Kazbek Gekkiýew çarşenbe güni giçlik Nalçik şäherinde işden gaýdyp barýarka atylyp öldürildi.

Ýerli häkimiýetler žurnalistiň ölüminde yslamçy söweşijileri aýyplaýarlar.

Orsýetiň ombudsmany Soçi şäherinde Putin bilen duşuşygynda “žurnalistleriň howpsuzlygyny”, hususanda ynjyk işleri alyp barýanlaryň howpsuzlygyny üpçün etmek boýunça prezidentiň çäre görmegine çagyryş etdi.
XS
SM
MD
LG