Sepleriň elýeterliligi

Futbol boýunça “Ýewro-2020” çempionaty dürli ýurtlarda geçer


Futbol boýunça “Ýewro-2020” çempionaty diňe bir ýurtda bolman, Ýewropanyň dürli ýurtlarynda geçiriler. Bu barada futbol boýunça UEFA-nyň geňeşinde karar kabul edildi.

Bu karary UEFA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň baş sekretary Janni Infantino penşenbe güni yglan etdi.

Bu baradaky ideýany UEFA-nyň prezidenti Mişel Platini teklip etdi. Çempionatyň şeýle gurnalan ýagdaýynda maliýe krizisi wagtynda çykdajylary azaldyp bolar diýip, Platini aýtdy.

Bu teklibe Türkiýäniň wekili, Ýewropa futbol ligasynyň wise-prezidenti Senes Erzik garşy çykdy.

2016-njy ýylda çempionat Fransiýada geçiriler. Ilkinji gezek şol ýaryşda 24 komanda çykyş eder.
XS
SM
MD
LG