Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pentagon $820.5 milliony Türkmenistana sowdy


Pentagonyň binasy
Pentagonyň binasy
Şu hepdäniň başynda ”Eurasia.net” web saýtynda Pentagonyň Owganystandaky operasiýalary üçin ýükleri daşamaga 2012-nji maliýe ýylynda (ABŞ-da maliýe ýyly 1-nji oktýabr we soňky ýylyň 30-njy sentýabry aralygy öz içine alýar - red.) Merkezi Aziýa ýurtlaryna harçlan pullary barada maglumat ýerleşdirildi.

Joşua Kuçeranyň taýýarlan makalasyndan mälim bolşy ýaly, 2012-nji maliýe ýylynda ABŞ Merkezi Aziýa ýurtlaryna 1.3 milliard dollar sowupdyr. Bu görkeziji 2011-nji ýyldakydan ýedi esse köpdür.

Pentagonyň Türkmenistana sowan pullary Merkezi Aziýanyň beýleki dört döwletiniň ählisiniň jeminden hem artyk.

Eger sanlardan çen tutulsa, 2012-nji maliýe ýylynda ABŞ:
Gazagystana: 137.3 million dollar;
Gyrgyzystana: 218.1 million dollar;
Täjigistana: 11.7 million dollar;
Özbegistana: 105.9 million dollar;
Türkmenistana hem: 820.5 million dollar sowupdyr.
Azatlyk Radiosy bu sanlar bilen gyzyklanyp, makalanyň awtory Joşua Kuçera bilen ýörite söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Joşua, eger-de sanlardan çen tutulsa, onda Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary bilen deňeşdirilende Türkmenistana has köp pul sowulypdyr. Has dogrusy, beýleki dört ýurduňky goşulanda-da Türkmenistana sowulan pullar ondan köp bolup çykýar. Bu sizi geň galdyrdymy?

Joşua Kuçera: Hawa, bu meni geň galdyrdy. Meniň pikirimçe, ABŞ-nyň we NATO-nyň Owganystandaky güýçleri üçin ýag-ýangyç serişdeleriniň aglabasynyň Türkmenistandan alynýandygy onsuz hem mälimdi.

Ýöne bu sanlar, ýagny bir ýylyň dowamynda [Türkmenistana] 1 milliarda golaý dollaryň sowulmagy meni diýseň geň galdyrdy.

Azatlyk Radiosy: Bu sanlar diňe bir ýylda, ýagny 2012-nji maliýe ýylynda sowulan pullary görkezýär, dogry dälmi?

Joşua Kuçera: Hawa. Bu sanlar 2012-nji maliýe ýylynda harçlanan pullary görkezýär.

Azatlyk Radiosy: Sizde bu görkezijileriň geçen ýyl nähili bolandygy barada maglumat barmy?

Joşua Kuçera: Meniň çeşmäm, geçen ýylky bilen deňeşdirilende, häzirki görkezijileriň Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlary üçin 700% ýokarydygyny aýtdy. Ýagny, 2011-nji maliýe ýyly bilen deňeşdirilende 2012-nji maliýe ýylynda bu sebite ýedi esse köp pul sowulypdyr.

Men her bir döwlet bilen aýratynlykda gyzyklanmasam-da, 2012-nji maliýe ýylynda soňky ýyl bilen deňeşdirilende has köp pul serişdeleriniň sowulandygyny aýdyp bilerin. Olar geljek ýylda pul serişdeleriniň ýene az-kem artdyryljakdygyny aýtdylar. Garaz, olar 2013-nji maliýe ýylynda hem häzirki görkezijileriň belli bir derejede saklanjakdygyny çaklaýarlar.

Azatlyk Radiosy: 820 milliondan gowrak dollar nirä gitdi? Ýagny, siz öz maglumatlaryňyzda munuň aglabasynyň ýag-ýangyç serişdelerine, agyz we miwe suwlaryna, şeýle-de käbir beýleki harytlara harçlanandygyny ýazýarsyňyz. Bular hökümete tölendimi ýa-da şahsy pudaga? Sizde bu barada maglumat barmy?

Joşua Kuçera: Elbetde, men olardan anyk maglumatlary almaga synanyşdym, emma olar açyk bir zat aýtmadylar. Ýöne edil meniň özüm-ä bu pullaryň hemmesi diýen ýaly ýag-ýangyç serişdeleri üçin sowulandyr diýip çaklaýaryn. Şol bir wagtda-da, meniň çakymça, azyk önümleriniň aglabasy Özbegistandan, ofis we arassalaýyş serişdeleriniň köpüsi hem Gazagystandan getirilýär.

Azatlyk Radiosy: Ýaňky soragymyza dolanyp gelsek, bu pullar hökümete gidýärmi?

Joşua Kuçera: Men Türkmenistanda ýag-ýangyjy kimiň satýanyny bilemok. Ýöne, elbetde, munuň hökmany ýagdaýda hökümet bilen ilteşigi bardyr.

Azatlyk Radiosy: Joşua, siziň ýaňky belläp geçişiňiz ýaly, bular uly pul. Bu iki ýurduň özara gatnaşyklary barada bize nämedir bir zady aýdyp bilermi? Ýagny, ykdysady bähbitleriň aňyrsynda syýasy matlaplar hem bolup bilermi?

Joşua Kuçera: Bilýäňizmi, ofis serişdeleri, azyk önümleri barada aýdylanda, bularyň aglabasynyň şahsy pudakdan alynanýan bolmagy mümkin. Emma uly möçberdäki ýag-ýangyç barada gürrüň edilende, onda hökmany ýagdaýda türkmen hökümetiniň golastyndaky edaralary iş alyp barýar. Onsoň hökümet bilen gowy syýasy gatnaşyklary-da saklamaly bolýar.

Elbetde, ABŞ üçin Owganystandaky operasiýalara gerekli ýag-ýangyjyň yzygiderli ýagdaýda, hiç hili bökdençsiz gelmegi juda möhüm. Bu işiň kadaly dowam etmegi üçin-de [ABŞ] türkmen hökümeti bilen gowy gatnaşyklary saklamaly bolýar.
XS
SM
MD
LG