Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karzaý: Aňtaw gullugynyň başlygyna hüjüm Pakistanda planlaşdyryldy


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaýyň sözlerine görä, ýurduň aňtaw gullugynyň başlygyna edilen hüjüm Pakistanyň Kuetta şäherinde planlaşdyrylypdyr.

Şenbe güni Kabulda eden çykyşynda Karzaý Pakistanyň hökümetine bu hüjüm bilen ilteşikli bolmakda hiç hili aýyplama bildirmedi. Emma, derňewiň çäklerinde bu meseläni Yslamabatda hem gozgaljakdygyny aýtdy.

Şeýle-de Karzaý ýurduň aňtaw gullugynyň başlygy Asadullah Khalidiň, janyndan geçeniň hüjümi netijesinde alan ýaralaryndan gowlaşyp başlandygyny hem mälim etdi. Khalida penşenbe güni hüjüm edilipdi.
XS
SM
MD
LG