Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde özbek raýatyna ömürlik türme tussaglygy berildi


Orsýetde Özbegistanyň raýaty 11 aýlyk bäbegi we onuň ejesini öldürmekde günäli tapylyp, ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi.

Moskwanyň regional sudy Boburmirzo Solyýewi iki adamy öldürmekde we ogurlykda günäli tapdy.

Suduň metbugat wekiliniň beren maglumatyna görä, jenaýatça öldüren aýalynyň adamsyna 1.5 million rubl ($48,500) jerime hem tölemeli edilipdir.

Solyýew özüniň günäli däldigini öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG