Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Adamowanyň şekillerinde türkmen zenanlary


Ýewgeniýa Mihaýlowna Adamowanyň çeken "Her niçigem bolsa okaryn!" atly eseri (1957 ý.).
Ýewgeniýa Mihaýlowna Adamowanyň çeken "Her niçigem bolsa okaryn!" atly eseri (1957 ý.).
20-nji asyr türkmen şekillendiriş sungaty köp taraply boldy. Gysga wagt içinde ol özüni ykrar etdirmegi başardy. Ol medeniýeti köpler döretdiler. Türkmenler bilen birlikde olaryň arasynda dürli halklaryň wekilleri-de boldy.

Olardan biri hem Ýewgeniýa Mihaýlowna Adamowa bolsa gerek. Geçen asyryň ikinji ýarymynda Ý.M. Adamowanyň döreden eserleri, çeken suratlary türkmen halkynyň nazarynda boldy.

Ýene sanly günden, bu ynsanyň dünýä inenine 100 ýyl dolýar. Ýewgeniýa Mihaýlowna Adamowa (köne hasap bilen 1912-nji ýylyň 24-nji dekabry; täze hasap bilen 1913-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda) Orsýetiň Orýol gubernýasynyň Liwny şäherinde dünýä inipdir.

Häzir Mýunhen şäherinde ýaşaýan türkmen hudožnigi Mommak Kuly Ý.M. Adamowanyň döreden sungatynyň inçe syrlary barada öz pikirini aýtdy.

Bu baradaky ýörite gepleşigi diňlemek üçin aşaky düwmä basyň:
XS
SM
MD
LG