Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Wiza berilmeli däl amerikalylaryň “gara sanawy” taýýar


Orsýetiň Döwlet Dumasynyň Daşary işler boýunça komitetiniň başlygynyň aýtmagyna görä, ýurda girmäge gadagan edilýän ABŞ-nyň raýatlarynyň “gara sanawy” eýýäm düzülipdir.

Alekseý Puşkow bu beýanaty ABŞ-nyň Senaty korrupsiýa garşy göreşen aklawçy Sergeý Magnitskiniň ölümi we Orsýetdäki beýleki hukuk bozmalar bilen ilteşikli resmilere garşy girizilmeli sanksiýany tassyklandan soň etdi.

Anna güni Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Birleşen Ştatlaryň adam hukuklaryny bozýan resmilerine Orsýetiň hem wiza bermejekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG