Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Psy anti-amerikan aýdymy üçin ötünç sorady


“Gangnam Style” aýdymy bilen meşhurlyk gazanan, günorta koreýaly aýdymçy Psy mundan on ýyl ozal ýerine ýetiren anti-amerikan aýdymy üçin ötünç sorady.

Psy bu barada şenbe güni mälim etdi. Ol ýekşenbe güni Waşingtonda prezident Barak Obamanyň öňünde çykyş etmeli.

2002-nji ýylda Psy ABŞ-nyň Günorta Koreýadaky harby kontingentine garşy çykyp, aýdym aýdypdy. Mundan iki ýyl soň, ol “yrakly tussaglary gynaýan Ýankileri öldürmeli” diýen setirli aýdymyň ýerine ýetirilişine hem gatnaşypdy.

Şenbe güni ötünç sorap, ýaýradan beýanatynda Psy bularyň “aşa duýgynyň” netijesinde edilendigini belledi.
XS
SM
MD
LG