Sepleriň elýeterliligi

Müsür: Harbylar krizisi çözmek ugrundaky “dialogy” goldaýarlar


Müsüriň harbylary milleti ikä bölen syýasy krizisi çözmek ugrundaky “dialogy goldaýandygyny” aýdýar.

Harbylar şenbe güni beýanat ýaýradyp, onda “dialog başa barmasa, bu bizi elhenç netijeleri döretjek garaňkylyga alyp gitjekdigini” duýdurdylar.

Bu iki hepde mundan ozal prezident Mohammed Mursä garşy başlanan protestlerden soň, harbylaryň çap eden ilkinji beýanatydyr.

Prezident Mursi öz ygtyýarlyklaryny artdyrýan kanuny kabul edenden soň, 22-nji noýabrdan bäri tolgunşyklar dowam edýär.
XS
SM
MD
LG