Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Muhammet: Biz özümiziň türkmendigimize buýsanýarys


Siriýaly türkmen gyzjagazy Türkmenistanyň baýdagyna oranypdyr.
Siriýaly türkmen gyzjagazy Türkmenistanyň baýdagyna oranypdyr.
Siriýadaky dowam edýän krizis, ol ýerdäki müňlerçe adamyň ykbalyna täsir etdi. Aktiwistleriň we halkara guramalarynyň berýän maglumatyna görä, ol ýerdäki gazaplylyk sebäpli onmüňlerçe adam ölüpdir, ýüz müňlerçesi hem goňşy döwletlere geçip, bosgun bolmaga mejbur galypdyrlar.

Aýdylmagyna görä, Siriýada 3.5 million töweregi türkmen ýaşaýar. Eýsem Siriýadaky ýagdaýlar sebäpli, olaryň ykbaly nähili özgerdi? Azatlyk Radiosy, siriýaly türkmenleriň başdan geçirýän ýagdaýlary barasyndaky soňky üýtgeşmeler bilen gyzyklanyp, siriýaly türkmenleriň jemgyýetiniň wekili Muhtar Muhammet bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Golaýda Kairde bolan ýygnakdan nähili täsirler bilen geldiňiz?

Siriýaly türkmenleriň jemgyýetiniň wekili Muhtar Muhammet
Siriýaly türkmenleriň jemgyýetiniň wekili Muhtar Muhammet
Muhtar Muhammet: Siriýaly opozisiýa toparlarynyň ýygnagyna siriýaly türkmen jemgyýetiniň adyndan gatnaşdyk. Siriýa türkmen jemgyýeti diýýänimiz bir partiýa görnüşindedir. Şeýlelik-de, siriýaly türkmenleriň ilkinji partiýasy hökmünde şol ýygnaga gatnaşdyk. Şu wagta çenli Siriýäniň milli geňeşiniň köp ýygnagyna gatnaşyp gelýäris.

Golaýda Kairde bolan ýygnaga hem bizi çagyrdylar. Biz ýygnakda Siriýada ýaşaýan 3.5 million türkmeniň hak-hukugyny gorap çykyş etdik. Bu ugurda gowy netijeler hem aldyk diýsek boljak. Türkiýede biz esasan hem jemgyýetçilik guramalar bilen iş alyp barýarys.

Türkmenlerimiziň köpçüligi Halapda we Türkiýe bilen bolan serhediň boýunda ýaşaýar. Ýygnagy gurnaýanlardan şeýle talabymyz boldy. Türkiýäniň Gaziantep, Urfa, Hataý şäherlerinäki bosgun düşelgelerine sygynanlara kömek ýetirilmegi barasynda goldaw isledik.

Bu babatda gelinen netijä görä, Siriýa türkmenlerine iberiljek kömekler Türkiýäniň Gaziantep şäherinden, ýagny biziň üstümizden ýola goýulmaly edildi. Ýygnakda syýasy manyda sesimizi bütin dünýä eşitdirmäge synanyşdyk. Ýöne gynansagam, hemişe bolşy ýaly milletparaz araplar biziň Siriýade 3.5 million türkmen bolup ýaşaýandygymyzy kabul etmek islänoklar.

Ata watanymyz Türkmenistandan her hili kömege we goldawa garaşýarys.
Muhtar Muhammet
Şeýle päsgelçilige garamazdan biz ýygnakda Siriýada türkmenleriň şeýle köpçülikdedigini her hili ýoldan subut etdik.

Türkmenler höküminde arkamyzda bir güýçli döwlet durmansoň şeýle ýagdaýa duçar bolýarys. Milletparaz araplar hemişe biziň arkamyzda Türkiýäniň durýandygyny aýdýarlar.

Hawa, Türkiýe döwleti sag bolsun bize goldaw berýär. Emma, gynansagam biz Türkiýe babatda isleýän kömegimize ýetip bilmeýäris. Türkiýe, Siriýa türkmenleriniň ene watany. Ýöne biziň bir ata watanymyz bar.

Munuň üçin hem ata watanymyz Türkmenistandan hem her hili kömege we goldawa garaşýarys. Käbir arap toparlary bize şeýle diýýär “Siziň öz döwletiňiz bar. Türkmenistanyňyz bar. Türkmenistana gidiň!”. Käbir milletparaz arap toparlaryň tutumy hakykatdan hem açyk-aýdyň şeýle.

Biz bolsa “Biziň ýurdumyz Siriýa. Siriýäni hem söýýäris. Siriýada galmak isleýäris”. Ýöne, tebigy ýagdaýda hem öz ata watanymyz Türkmenistandan hem her hili kömek isleýäris.

Ýygnaga gaýdyp gelsek, onuň maksady Siriýa üçin wagtlaýynça hökümet gurmaklykdy. Ýöne, ýygnakda wagtlaýynça hökümet döredilip bilinmedi we mesele geljek ýygnaga goýuldy. Indiki ýygnak bolsa dekabryň 10-nda Marokgada geçiriler.

Azatlyk Radiosy: Siriýaly türkmenler häzirki uruş ýagdaýynda nirede dur we nähili rol oýnaýar?

Muhtar Muhammet: Türkmenler höküminde şu wagda çenli Siriýada biz hiç düzgüni bozmadyk. Siriýa türkmenleri öz ýurduny söýeni üçin hiç haçan agzalalayk çykartmady. Janymyz we ruhymyz bilen hemişe Siriýa ýurdumyza hyzmat etdik. Türkmenler özüni Siriýa pida etdi.

Siriýaly türkmen gyzjagazlary milli eşiklerinde
Siriýaly türkmen gyzjagazlary milli eşiklerinde
Biz bu ýerde ençeme asyrdan bäri ýaşaýarys. Bu sebäpden bu ýer biziň watanymyz bolup durýar. Siriýa türkmenleri bu watanyň bölünmegini hiç wagt islemedi. Siriýäniň Iordaniýa serhedinde 10-15 sany talybyň diwara “halk hökümeti agdarmak isleýär” diýip şygar ýazmagy bilen şeýle wakalar başlady.

Uruş Homs şäherinde turdy. Homs şäheriniň Web-amdu atly mähellesiniň ýaşaýjylarynyň 65-70% türkmen. Ol ýer türkmen mähellesi. Şol mähellede gyrgynçylyk boldy.

Hemişe türkmenleri uruş içine sokmak islediler. Siriýa hökümeti bilgeşleýin şeýle edip, bütin dünýä muny etniki çaknyşyklar höküminde görkezmek isledi. Muňa Siriýa halky we esasan hem türkmen goldaw bermediler.

Hemişe şeýle maksat bilen gurnalýan wakalardan uzak durdylar. Bu söweşi biz turuzmadyk. Hökümet hemişe türkmenler bilen araplaryň arasynda, ylaýta-da şaýylar bilen aramyzda dartgynlylyk döretmäge çalyşdy.

Siriýa türkmenleriň ilat taýdan iň köpçülik bolup ýaşaýan ýeri Halap şäheridir. Halapda takmynan 1 million türkmen bar. Söweş başlandan soň Siriýa hökümeti adamlara, halkyna garaman hüjüm edýär.

Şäherleri uçarlar bilen bombalaýar, raketalary atýar. Şol sebäpden bu söweşi biz başlatmadyk hem bolsak, biz şol uruş odunyň içinde galdyk. Gaty köp adam ölýär. Olaryň arasynda araplar ýaly türkmenler hem bar. Siriýäni her kim öz bähbidine bölmek isleýär. Biz türkmenler Siriýäniň bütewiliginiň tarapdary we şu pikirimiziň hem arkasynda durus.

Azatlyk Radiosy: Siriýa türkmenlerine gumanitar ýagny ynsanperwerlik, syýasy we pikir taýdan kömek edýän ýurtlar barmy? Türkmenistandan bu ugurda gören goldawyňyz boldumy?

Biz türkmen bolanymyz üçin bize kömek edenoklar.
Muhtar Muhammet
Muhtar Muhammet: Türkmenistandan hiç wagt ynsanperwerlik kömegi bolmady. Umuman aýdylanda şeýle kömek Türkiýeden hem bolmady.

Edilýän kömekler başga Siriýalylara bolýar. Biz türkmen bolanymyz üçin bize kömek edenoklar. Bütin Siriýalylara kömek edilýar.

Siriýalylar diýlen mahaly olaryň arasynda elbetde türkmenler hem bolmaly ahyryn. Siriýa türkmenleriniň çagalary ata watany bolup durýan Türkmenistanyň hem çagalary. Bu sebäpden kömege garaşýarys.

Biz ençe asyrdan bäri bu ýerde arap häkimiýetinde ýaşadyk. Muňa garamazdan biz öz milliligimizi sakladyk. Türkmenligi saklamaklyk araplaryň arasynda ýaşanymyzda gaty uly kynçylyklar döredýär. Şonda-da biz özümiziň türkmendigimize buýsanýarys.

Siriýaly türkmen bosgunlary
Siriýaly türkmen bosgunlary

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan bilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer jemgyýeti arkaly gatnaşyk saklaýan bir Siriýaly türkmen hökmünde, şu wagta çenli siziň Türkmenistandan bir talabyňyz boldumy?

Muhtar Muhammet: Men dünýä türkmenleri ynsanperwer birleşiginiň agzasy. Soňky üç ýyldan bäri birleşigiň ýygnaklaryna gatnaşýaryn. Bu ýyl näme sebäpden bilemok çakylyk gelmänsoň gidip bilmedim we muňa gaty gynandym.

Siriýa türkmenleriniň adyndan Dünýä türkmenleri ynsanperwer birleşigine ýüzlenip bir arza ýazdym...
Muhtar Muhammet
Siriýa türkmenleriniň adyndan Dünýä türkmenleri ynsanperwer birleşigine ýüzlenip bir arza ýazypdym. Arzamda: “Siriýadäki söweş biziň söweşimiz däldir. Muňa garamazdan söweşde gynansagam türkmenler gyrgynçylyga duçar bolýar. Hiç kim bize kömek etmeýär. Ata watanymyz Türkmenistan sygynmak isleýänlere rugsat bersin. Isleýän Siriýa türkmeni öz ata watany Türkmenistana sygynyp bilsin”.

Arzama şeýle jogap geldi “Biz Siriýa türkmenleriniň Türkmenistana getirilmegi barada ýardam edip biljek däl. Ýöne, geljekde enşalla muny göz öňünde tutarys”. Ynha, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň orunbasynyň ofisinden bize şeýle jogap geldi.

Azatlyk Radiosy: Daşary ýurtlarda ýaşaýan Dünýä türkmenlerinden hiç kömek eden boldumy?

Muhtar Muhammet: Dünýä türkmenleri gumanitar birleşiginden şu wagda çenli bir kömek alyp bilmedik hem bolsak, dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan türkmenlerden kömek alýarys. Orsýetiň Sankt Peterburg şäherinde ýaşaýan türkmen dostlarym bar. Olardan her hili maddy we ruhy goldawy alyp durus. Ýükleri daşamak boýunça hem kömek berýärler. Geljekde dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan türkmenleriň has köp kömek etjekdigine ynanýaryn.
XS
SM
MD
LG