Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gaza: HAMAS toparynyň ýyl dönümi mynasybetli ýöriş geçirilýär


Onmüňlerçe palestinaly HAMAS toparynyň düýbüniň tutulmagynyň 25-nji ýyl dönümi mynasybetli ýöriş geçirmek üçin, Gazada ýygnandy.

Yslamçy HAMAS toparynyň lideri Khaled Meşaal Gaza zolagyna edýän ilkinji saparynda, köpçüligiň öňünde çykyş eder.

Meşaalyň saparyndan iki hepde ozal, HAMAS topary Ysraýyl bilen sekiz gün urşupdy. Munuň netijesinde 160-a golaý palestinaly we alty sany ysraýylly öldürilipdi.

Ýerli Fatah toparynyň ýolbaşçylary hem şenbe güni geçirilýän ýörişe gatnaşmakçy bolýarlar.
XS
SM
MD
LG