Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda alnyp gaçylan amerikaly lukman halas edildi


Owganystanda “Talyban” hereketiniň söweşijileri tarapyndan alnyp gaçylan ABŞ-ly lukman halas edildi.

NATO-nyň ýolbaşylygyndaky Halkara güýçleriniň ýaýradan beýanatynda bellenilmegine görä, Dilip Josef çarşenbe güni Kabulyň etegindäki Sarobi etrabynda ogurlanypdyr.

Josefiň “ölüm howpunyň öňünde durandygy” baradaky maglumatdan soň, ýekşenbe güni ony halas etmek boýunça operasiýa geçirildi.

ABŞ-nyň Owganystandaky goşunlarynyň komandiri, general Jon Alleniň aýtmagyna görä, halas ediş operasiýasy Birleşen Ştatlaryň we Owganystanyň güýçleri tarapyndan amala aşyrylypdyr. Operasiýa bilen baglanşykly başga goşmaça maglumat berilmedi.
XS
SM
MD
LG