Sepleriň elýeterliligi

Eýranda 11 tonna neşe serişdeleri ele salyndy


Eýranda polisiýa Pakistan bilen serhetde 11 tonna neşe serişdelerini ele saldy.

Eýranyň mediasynda berlen maglumata görä, Jakigur sebitinde 36 sagada çeken operasiýada 10 tonna tirýek we bir tonna gaşyş ele salnypdyr. Operasiýanyň dowamynda neşe gaçakçylygy bilen meşgullanýan bir adamyň öldürilendigi, başga-da ençemesiniň ýaralanandygy bellenilýär.

Eýranyň Pakistan bilen 1 müň 700 km. serhet araçägi bar. Neşe serişdeleriniň Ýewropa we Ýakyn Gündogara aglaba Eýranyň üstünden daşalýandygy aýdylýar.

Eýranyň polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, 2012-nji ýylyň başyndan bäri 350 tonna neşe serişdelerini ele salmak başardypdyr.
XS
SM
MD
LG