Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: “Al-Kaýdanyň” ýokary derejeli komandiri öldürildi


Pakistanda ABŞ-nyň pilotsuz uçarlarynyň amala aşyran howa zarbasynda azyndan üç adam, şol sanda “Al-Kaýdanyň” bir komandiri hem öldürilipdir. Bu barada ýerli howpsuzlyk resmileri maglumat berýärler.

Howa hüjümi Demirgazyk Waziristan etrabynyň Tabi sebitinde amala aşyryldy. Resmileriň berýän maglumatyna görä, dört raketa atylyp, munuň netijesinde üç adam ölüpdir.

“Reuters” habar agentligine adynyň tutulmagyny islemedik harby aňtaw gullugynyň işgäriniň aýtmagyna görä, ölenleriň arasynda Mohammad Ahmed Almansur hem bar. Ol “Al-Kaýdanyň” ýokary derejeli komandirleriniň biri hasaplanýardy.
XS
SM
MD
LG