Sepleriň elýeterliligi

Çöpleme: Ýaby dilegi


Çekeleşik karikaturasy.

Çekeleşik karikaturasy.

Halk henekleri, degişmeleri


ÝABY DILEGI

Günlerde bir gün biri döwek döwmekçi bolýar. Özünde iş malynyň ýoklugy üçin goňşusynyň ýabysyny dilemegi müwessa bilýär. Dileg salmak üçin goňşusynyň öýüne barsa, ol beýleki goňşulary bilen, degşip-gülüşip oturan eken.

Dilege baran “Adamlar dargandan soňra ýabyny dilärin” diýen ňetijä gelýär. Dargar ýerde adamlar dargamaýar. Şol ikiarada obanyň beýleki çetinde ýaşaýan biri gapydan girýär.

Gele-gelmän “Pylany, döwek döwjek bolýan. Boş bolsa, ýabyňy iki günlik maňa ber!” – diýýär. Ýaby eýesi “Ýatakda durandyr, al-da gidiber!” – diýipdir.

Dilegi biten dyz epmän yzyna dolanýar. Başda dilege gelenem onuň yzy bilen gapa tarap ýönelýär. Öý eýesiniň “Goňşy, otur! Basym nahar bişjek, duz datman gitme!” diýen mürähedine:

— Äý, menem şu gün döwek döwjekdim, ýabyňy dilemäge gelipdim. Duldegşir goňşyň bolsam-da gürrüňçiligi bölmäýin – diýip, dymypdym. Obanyň ol çetinden gelen biri ýabyňy alyp gitdi. Dünýäni süwümsiz tutupdyr – diýip, öýden çykypdyr.

KEÝPE ŞÄRIK

Biri ölemen awçy eken. Häli-şindi awa gidipdir. Onuň ömründe bir gezek elinde tüpeň tutup görmedik goňşusy-da bar eken. Ol her gezek “Goňşy, menem özün bilen awa alyp git!” – diýip, haýyş edýän eken.

Awçy ahyry günlerde bir gün ony özi bilen awa alyp gidipdir. Gidiberipdirler, gidiberipdirler olaryň öňünden gaplaň çykypdyr. Öň awa gitmedik goňşusy gorkudan ýaňa saňňyldap başlapdyr.

Awçy goňşusy süýem barmagyny dodagyna ýetirip “Gepleme!” diýip, yşarat edipdir. Soňra “Eneň ýagşy alp şirim, ataň ýagşy alp şirim!” – diýip, gaplaňy söýüp ugrapdyr. Gaplaň çalaja säginip, öz ýoluny dowam edipdir.

Gidiberipdirler, gidiberipdirler awçynyň gözi gandym içinde ýatan towşana düşüpdir. Ol goňşusyna gözi bilen ümläp towşany görkezipdir. Yene-de süýem barmagyny dodagyna ýetirip “Gepleme!” – diýip, yşarat edipdir. Gaplaň görende dilden-agyzdan galan goňşysy:

— At, haý, ataweri zalywat, hol-ha, towşan ýatyr – diýip, goh edipdir. Towşan bu goha oýanyp, gaçyp gidipdir. Awçy atmaga ýetişmädir .Awçy goňşysyna igenip: “Ýaňy gaplaň göreniňde demiňi başga ýerden aldyň. Towşan göreniňde goh etmäň näme?” diýende:

— Päheý, goňşy, munuň gaplaňyndan gork, munuň towşanyndan gork, näme meni halys yzyndan ýetdiren züwwetdin gorkak saýýarmyň? – diýip, öýkeli jogap beripdir.

DÖRT ADAM

Ykbaldan, ýazgytdan gaçyp, gutulmak ýok. Üsti köp ýolagçyly gämi ummanda (deňizde) heläkçilige uçraýar. Bagty daş ýaran dört adam bu heläkçilikde aman galýar.Olar gaýda çym-pytrak bolan gäminiň böleklerine ýapyşyp, bir ada özlerini atýarlar.

Ol ada adam aýagy basmadyk ada eken. Dört kişi ykbalyna kaýyl bolup, tapan-tutanyny iýip, mydar edýär. Elbetde, Allanyň halanydyr-da, bu dört kişiniň biri 30, beýlekisi 40, ýene biri 50, iň ýaşulusy 60 ýaşynda eken.

Günlerde bir gün adada ýaşaýanlaryň ýaşkiçisi,30 ýaşly demi-demine ýetmän ylgap gelýär. “Goňşy adada bir topar gelin-gyz gözüme ildi. Tiz boluň, olaryň ýanyna ýüzüp gideliň!” – diýýär.

40 ýaşly “Ol ada çenli ara açyk. Gowusy, gaýyk ýasap, gaýyk bilen ýüzüp baralyň!”-diýipdir. Olaryň 50 ýaşlysy ”Ýörüň, kenara baryp duralyň! Belki, olaryň gözi bize düşüp, özleri ýanymyza ýüzüp geler – diýýär. Dört kişiniň iň ýaşulysy elini gözüniň ustünde kölegeledip, goňşy kenara seredýär. Soňra-da:

— Hä, gördüm, dogrudanam ol kenarda gelin-gyz bar eken. Ýöne siz näme üçin goh edýärsiňiz, şoňa düşünmedim. Gelin-gyz gelin-gyzdyr-da, ine, şu ýerdenem görnüp dur ahyryn – diýipdir.

Toplan, il içinden çöplän Amanmyrat Bugaýew.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG