Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň prezidenti Malalany görmäge bardy


Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari Britaniýanyň keselhanalarynyň birinde bejergi alýan, 15 ýaşly ýetginjek gyz - Malala Ýusufzaýyny görmäge bardy. 9-njy oktýabrda Pakistanda Ýusufzaýy okuwdan öýüne gaýdyp barýan mahaly, “Talyban” hereketiniň hüjümçileri ony boýnundan we kellesinden atypdylar.

Malala “Talyban” hereketini tankytlany we gyzlaryň okamak haklaryny gorany üçin, hüjüm edilipdi.

Şenbe güni Zardari we onuň gyzy Asifa Bhutto Malalany bejerýän lukmanlar, şeýle-de ýarawsyz ýetginjek, onuň kakasy we iki dogany bilen hem duşuşdylar.

Hüjümiň netijesinde Malala agyr ýaralar düşüpdi, emma häzir onuň “gowlaşýandygy” habar berilýär.
XS
SM
MD
LG