Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Phenýangyň raketanyň uçuşyny gaýra süýşürmegi mümkin


Demirgazyk Koreýanyň döwlet mediasynyň berýän maglumatyna görä, Phenýang uzak aralyk üçin niýetlenen raketanyň uçuşyny yza çekmek barada pikir edýär.

Ýurduň Kosmos tehnologiýalary boýunça komiteti raketany uçurmak üçin ähli taýýarlyk işlerini gutarypdyr, ýöne muňa garamazdan hem, muny gaýra süýşürmek meselesine seredilýändigi aýdylýar.

Demirgazyk Koreýanyň Merkezi habar gullugy munuň mümkin sebäpleri barada hiç hili maglumat bermedi. Mundan öň Phenýang raketany dekabryň 10-22-si aralygynda uçurjakdygyny aýdypdy.

Demirgazyk Koreýa raketanyň orbita sateliti çykarmak üçin uçurylýandygyny öňe sürýär. Emma ABŞ, Günorta Koreýa, Ýaponiýa we käbir beýleki döwletler munuň interkontinental raketalaryň synagy boljakdygyndan howatyr edýärler. BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Phenýangyň planlaşdyrýan raketa uçuşuny ýazgardy.
XS
SM
MD
LG