Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Lawrow: Magnitskiý taslamasyna 'bir agyzdan' jogap bermeli


Orsýetiň daşary Işler ministri Sergeý Lawrow

Orsýetiň daşary Işler ministri Sergeý Lawrow

Orsýetiň daşary Işler ministri Sergeý Lawrow Birleşen Ştatlaryň Senaty korrupsiýa garşy göreşen aklawçy Sergeý Magnitskiniň ölümi bilen bilen ilteşikli resmilere garşy girizilmeli sanksiýany tassyklamagyny berk tankytlady.

Ýekşenbe güni Moskwada eden çykyşynda Lawrow geljek hepde Orsýetiň Döwlet Dumasy bu mesele boýunça ýygnanda, bir agyzdan hereket etmäge çagyrdy.

Magnitskiý baradaky kanun taslamasy ABŞ-nyň Senaty tarapyndan 6-njy dekabrda tassyklanypdy.

37 ýaşly Magnitskiý 2009-njy ýylda, hökümetdäki 230 million dollarlyk galplykda ýokary derejeli resmileriň eliniň bardygyny güman edeninden soň, Moskwa türmesinde ýogalypdy. Onuň saglyk talaplary ret edilipdir we bir ýyla golaý tussaglyk mahalynda gynalandygy aýdylýar.

Tassyklanan kanun taslamasyna görä, Magnitskiniň ölümine ilteşigi bolmakda aýyplanýan rus resmilerine wiza gadagançylygy giriziler, şeýle-de olaryň Birleşen Ştatlarda ýerleşýän emläkleri doňdurylar.

Orsýetiň reaksiýasy

Gürrüňi gidýän kanun taslamasy ors resmileri tarapyndan ýiti garşylandy. Olar muňa jogap çäreleriniň görüljekdigi bilen hem haýbat atdylar.

Orsýetiň Döwlet Dumasynyň Daşary işler boýunça komitetiniň başlygy Alekseý Puşkowyň aýtmagyna görä, adam hukuk bozmalary diýilýän sebäpleri üçin, Orsýete girmäge gadagan edilýän ABŞ-nyň raýatlarynyň “gara sanawy” eýýäm düzülipdir.

Magnitskiý baradaky kanun taslamanyň Orsýet-ABŞ özara gatnaşyklaryna ýaramaz täsir etmegi mümkin.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň bu kanun taslamany tassyklap, oňa gol goýmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG