Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: Goşun referendumyň howpsuzlygyny üpjün etmeli


Protestçi prezident köşgini goraýan esgerleriň öňünde täze gurlan haýatyň üstünde hökümete garşy şygara gygyrýar. Kair, 9-njy dekabr, 2012 ý.
Protestçi prezident köşgini goraýan esgerleriň öňünde täze gurlan haýatyň üstünde hökümete garşy şygara gygyrýar. Kair, 9-njy dekabr, 2012 ý.
Müsüriň prezidenti Muhammad Morsi 15-nji dekabrda geçjek Konstitusiýa referendumynyň öňünden goşuna “döwlet edaralaryny goramagy” buýurdy.

Ýekşenbe güni giçlik çap edilen perman goşun ofiserlerine graždan adamlary tussag etmäge ygtyýar berýär we olaryň “jemgyýetçilik tertip-düzgünini berjaý etmekde” polisiýa bilen hyzmatdaşlyk etmegini buýurýar.

Bu perman oppozisiýa birnäçe gün protest geçirip, planlaşdyrylýan referendumy we Morsiniň yslamçy ýaranlary tarapyndan taslanan täze konstitusiýany ýazgaranyndan soň çap edildi.
Esgerler tank üstünde, oppozisiýa tarapdarlary prezident köşgüniň daş işiginde milli baýdagy galgadýar. 9-njy dekabr, 2012 ý.
Esgerler tank üstünde, oppozisiýa tarapdarlary prezident köşgüniň daş işiginde milli baýdagy galgadýar. 9-njy dekabr, 2012 ý.

Prezidentiň tarapdarlary bilen garşydaşlarynyň arasynda bolan köçe çaknyşyklarynda azyndan bäş adamyň ölüp, ýüzlerçe adamyň ýaralanandygy aýdylýar.

Prezident Morsi dartgynlyklary gowşatmak niýeti bilen geçen aýda özüne hakykatda çäklendirilmedige golaý ygtyýar bermek barada çykaran kararyny hem ýatyrdy. Ýöne ol hepde ahyrynda referendumyň öňki planlaşdyrylan wagtynda geçiriljegini yglan etdi.

Oppozisiýa täze konstitusiýanyň esasy azatlyklary, şol sanda aýallaryň we azlyklaryň hukuklaryny gorardan gowşakdygyny aýdýar.

Müsüriň esasy oppozision toparynyň, «Milli halas ediş fronty» guramasynyň sözçüsi Sameh Aşour konstitusiýa referendumynyň boýkot edilmeginiň hem ahmaldygyny duýdurýar.

"Milli halas ediş fronty» özüniň 15-nji dekabra bellenen referunduma düýpden garşydygyny yglan edýär. Biz has köp bölünişige we pitnä alyp geljek refrendumy ret edýäris" diýip, ol aýtdy.

Oppozisiýa sişenbe güni has köp protest geçirmäge çagyrdy. “Yslam doganlygy”, Morsiniň yslamçy ýaranlary hem sişenbe güni garşylykly ýygnanyşyk geçirjekdiklerini yglan etdiler.

Geçen hepde Kairde prezidentiň tarapdarlary bilen garşydaşlarynyň arasynda bolan ganly çaknyşyklardan soň, goşun prezident köşgüniň daş işiginde tanklary ýerleşdirdi.

Morsiniň goşuna polisiýa ygtyýarlyklaryny berýän permany Müsürde harby dolandyryşyň yzyna dolanyp gelmek ähtimallygy baradaky gorkulary ýokarlandyrdy.

Müsür 2011-nji ýylyň fewralyndan şu ýylyň iýunyna çenli, öňki prezident Hosni Mubarek köpçülikleýin köçe protestleri netijesinde wezipesinden agdarylyp, ýerine Muhammad Morsi prezident saýlanýança harbylar tarapyndan dolandyryldy.

Häzirki gapma-garşylyk ýurduň Mubarek çetleşdirileli bäri ýüzbe-ýüz bolýan iň çynlakaý syýasy krizisi hasaplanýar.

Harbylar şu wagta çenli bitaraplygy saklap gelýärler we taraplaryň ikisini hem gepleşiklere çagyrýarlar. Ýöne olar ýagdaýyň ýaramazlaşmagyna ýol bermejekdiklerini hem duýdurdylar.
XS
SM
MD
LG