Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň liderlerine Nobel baýragy gowşurylýar


Duşenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň liderleri Nobel baýragyny resmi taýdan kabul edýarler. Oslo şäherinde geçirilýän dabarada Nobel baýragy boýunça komitetiň başlygy Torbýorn Ýagland 1 million 200 müň amerikan dollary möçberinde baýragy ÝB-niň ýokary derejeli resmilerine gowşurýar.

Bu dabara Ýewropanyň 20 töweregi lideri, şol sanda Germaniýanyň kansleri Angela Merkel, Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland gatnaşýarlar.

Norwegiýanyň Nobel baýragy boýunça komiteti 2012-nji ýylyň parahatçylyk boýunça Nobel baýragyny şu ýylyň oktýabr aýynda ÝB-ne bermek barada yglan edipdi.

Tankytçylar ÝB-ne bu baýragyň berilmegini ýaňsylamak bilen garşy aldylar. Olar 1990-njy ýyllarda Balkanda gan döküşligiň öňüniň alynmandygyny, şeýle hem häzir ÝB-niň iň agyr maliýe krizisini başyndan geçirýändigini bellediler.
XS
SM
MD
LG