Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda polisiýa hem-de aýallar edarasynyň resmileri öldürildi


Aýry-aýrylykda edilen hüjümlerde Owganystanyň welaýat polisiýasynyň başlygy we aýallar boýunça iş alyp barýan edarasynyň başlygy öldürildi.

Resmileriň aýtmaklaryna görä, Gerat welaýatyndan öýüne ulagly barýan polisiýanyň başlygyna günortada ýerleşýän Nimroz welaýatynda duşenbe güni ir ertir hüjüm edilipdir. Onuň ulagy ýolda berkidilen bomba arkaly partladylypdyr.

General Muhammad Musa Rasouli keselhanada jan beripdir. “Talyban” toparynyň sözçüsi hüjümiň jogapkärçiligini öz üstlerine alýandygyny aýtdy.

Şeýle hem duşenbe güni ýaragly näbelli bir adam Laghman welaýatynyň aýallar boýunça iş alyp barýan edarasynyň başlygynyň kellesine ok atyp öldürdi. Häkimiýetleriň aýtmaklaryna görä, Najia Sydyki welaýatyň merkezi Mihtarlam şäherinde işe barýarka öldürilipdir.

Mundan ozal bu edaranyň öňki başlygy Iýul aýynda öldürilipdi. Häzirlikçe Sydykiniň ölüminiň jogapkärçiligini hiç bir tarap öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG