Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistany Watan edinen koreýler


Türkmenistanda koreýleriň salatlary meşhur.
Türkmenistanda koreýleriň salatlary meşhur.
37 ýaşly Wiktor Kim Türkmenistanda ýaşaýan koreýleriň üçünji nesliniň wekili. Onuň atasy we enesi geçen asyryň 30-njy ýyllarynyň ahyrynda Staliniň Uzak Gündogardaky koreýleri Orta Aziýa sürgün eden wagty Türkmenistana gelipdir. Bu uzak ýolda maşgalasynyň haýsy ötüklerden geçenini Wiktor düýnki ýaly bilýär.

“Ilkibaşda meniň atam we enem [beýleki koreýler bilen birlikde] Özbegistana, Goňrat şäherine sürgün edilipdir. Soň olardan bir bölegi Türkmenistana, şol wagtky Daşhowuz welaýatyna göçüp gelipdir. Şolar bilen bile göçüp gelen atam we enem Köneürgençde ýaşapdyr” diýip, Wiktor öz maşgalasynyň taryhyny gürrüň berýär.

1995-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň maglumatlaryna görä, şol wagt ýurtda 3 müňden gowrak koreý milletli adam ýaşapdyr. Häzir olaryň sany belli däl. Şeýle-de, häzirki döwürde olara diňe Daşoguzda däl, ýurduň dürli künjeklerinde duşmak bolýar.

Koreýler oba hojalyk önümlerini öndürmekdäki ukyby bilen meşhur. Hususan-da, olar şaly öndürmegiň uly ussatlary hökmünde tanalýar. Aýdylşyna görä, bir döwürde koreýleriň Daşoguz welaýatynda aýratyn bir posýolok bolup ýaşan ýerleri hem bolupdyr.

Köpüsi daşary ýurtlara göçdi

Emma, Wiktoryň aýtmagynya görä, 90-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda koreýleriň köpüsi daşary ýurtlara göçüp gidipdir. “Men çagakam, Köneürgençde ýaşaýan wagtymyz, toý edilse restoran dolýardy. Häzir Köneürgençde garyndaşlarymyz toý etse, restoranyň ýarysy hem dolanok. Göçüp giden koreýleriň köpüsi Orsýete, Gazagystana göçdüler” diýip, Wiktor gürrüň berýär.

Türkmenistanda ýaşaýan koreýleriň köpüsiniň familiýalary koreý bolsa-da, atlary ors. Olaryň ählisi diýen ýaly ors dilinde gepleýär. Wiktoryň aýtmagyna görä, olaryň koreý dilini bilýäni gaty az.
Türkmen bazarlarynda koreý salatlarynyň hyrydary az däl.
Türkmen bazarlarynda koreý salatlarynyň hyrydary az däl.

Söhbetdeşimiz Türkmenistanda ýaşaýan koreýleriň köpüsiniň, ylaýta-da ýaş nesliň, hatda özi we 34 ýaşly gyz jigisiniň hem öz ene dillerini bilmeýändiklerini gürrüň berdi. Emma, Wiktoryň sözlerinden çen tutulsa, olar koreý milli tagamlaryny bişirmegiň syrlaryny saklapdyrlar. Türkmenistanda olaryň salatlary uly meşhurlyga eýe.

Türkmenistanda ýaşaýan beýleki azlyk milletler ýaly, koreýler hem öz däp-dessurlaryna bagly toparlardan biri diýlip hasaplanýar. Bu däp-dessurlar olaryň uly diaspora bolup ýaşaýan ýerlerinde has köp berjaý edilýär.

Koreý toý däpleri

Şeýle däplerden birem çaganyň bir ýaşy dolanda uly toý tutulmagy. Baýramçylyk lybasy geýdirilen çaganyň öňünde şaly, kitap, awtoruçka, eger çaga oglan bolsa ýaý, gyz bolsa gaýçy goýulýar. Çaga olaryň haýsysyny alsa, ol şol predmet bilen bagly hünäri saýlar diýip, yrym edilýär.

Koreý täze ýylyny üýşüp belleýän koreýlerem bar. “Koreý täze ýylyny bellemek üçin, adatça, 15-20 adam bolup üýşýäris. Koreý tagamlaryny taýýarlaýarys. Ýöne ýyl-ýyldan bu däbimiz hem ýitip barýar. Geçen täze ýyly 10 adam bolup belledik” diýip, Wiktor gürrüň berýär.

Şeýle-de koreýler köplenç öz gyzlaryny beýleki milletlerden bolan oglanlara durmuşa çykarmaýarlar. Emma oglanlary başga milletlerden bolan gyzlara öýlenýärler. Wiktor hem şeýle koreýlerden biri. Onuň aýaly ors milletinden.

Dinleri buddizm, emma...

Onuň aýaly adamsynyň familiýasyny almasa-da, olaryň gyzlarynyň familiýasy Kim. Wiktoryň aýtmagyna görä, Türkmenistanda ýaşaýan koreýleriň aglabasy dine ynanmaýar. “Koreýleriň dini buddizm. Emma, sowet döwründe bu diniň ygtykatlaryny berjaý edip bolmansoň, koreýleriň köpüsi dinsiz galypdyr. Emma olara ateist hem diýip bolmaýar” diýip, Wiktor gürrüň berýär.

Türkmenistanly koreýleriň aýratyn bir guramasy ýa ybadat eder ýaly aýratyn ybadathanalary-da ýok. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan koreýleriň beren maglumatlaryndan çen tutulsa, olaryň taryhy watanlary bilen aragatnaşygy hem çäkli. Emma, çäkli-de bolsa, Günorta Koreýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy olaryň taryhy watanlaryna baryp-gaýtmak üçin bir programmany ýola goýupdyr.

Wiktoryň aýtmagyna görä, şol programma boýunça her ýyl bäş sany ýaş türkmenistanly koreýe iki hepde Günorta Koreýada bolmaga mümkinçilik döredilýär.
XS
SM
MD
LG