Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda alty adamyň söweşijiler tarapyndan öldürilendigi aýdylýar


Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky polisiýa bölümine söweşijileriň amala aşyran hüjüminde azyndan alty adamyň öldürilendigi habar berilýär.

Duşenbe güni Bannuň golaýyndaky Kaki polisiýa bölümine edilen bu hüjümde ölenleriň arasynda üç polisiýa işgäriniň we parahat ilatynyň bolandygy aýdylýar.

AÝ/AR-nyň Maşaal gullugynyň maglumatyna görä, bu hüjüm janyndan geçen iki hüjümçi tarapyndan, şeýle hem söweşijileriň el granatlary bilen amala aşyrylypdyr.

Hüjümiň jogapkärçiligini Pakistanyň “Talyban” ýa-da “Tehrik-e Talyban” topary öz üstüne aldy.

Hüjümiň bolan ýeri Owganystanyň serhedine ýakyn Demirgazyk Waziristana golaýda ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG