Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan: “Human Rights Watch” hukuk meselelerini galdyrmaklyga çagyrýar


Düýbi ABŞ-da ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” (“HRW”) guramasy Germaniýanyň kansleri Angela Merkele Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew bilen duşuşygynda “adam hukuklary baradaky çynlakaý aladalary” galdyrmaklyga çagyryş etdi.

Atambaýew sişenbe güni Angela Merkel bilen Berlinde duşuşýar.

Duşenbe güni ýaýradan beýanatynda “HRW” Gyrgyzystanyň günortasyndaky ýagdaýy gozgaýan hukuk goraýjylaryň haýbat atylmalar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny ýazgarýar.
Gyrgyzystanyň günortasynda 2010-njy ýylda ýüz beren etniki çaknyşyklardan soň regionyň özbek we gyrgyz milletleriniň arasyndaky dartgynly ýagdaý dowam edýär.

Guramanyň beýanatynda Bişkek şäherinde sentýabr aýynda geçirilen kino festiwalynda geý musulmanlary baradaky dokumental filminiň ýatyrylandygy barada hem alada bildirilýär.

Gyrgyzystanyň türmelerinde gynamalara ýol berilýändigi barada hem beýanatda aýdylýar.
XS
SM
MD
LG