Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Täjigistan Dünýa söwda guramasyna agza bolýar


Duşenbe güni Täjigistan Dünýa söwda guramasynyň agzalygyna kabul edilýär. Bu barada Dünýä söwda guramasynyň Ženewadaky baş edarasynda gol çekiler.

Şweýsariýa iş sapary bilen baran Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon bu çärä gatnaşar.

Gurama agza bolmak barada Täjigistan bilen Dünýa söwda guramasynyň arasyndaky gepleşikler 11 ýyl dowam etdi.

Dünýä söwda guramasynyň baş direktory Paskal Lamynyň aýtmagyna görä, “gurama agza bolmaklyk Täjigistanyň dünýä ykdysadyýetine we global söwda ulgamyna berk integrirlenmegine getirer, şeýle hem açyk, aýdyň we diskriminasiýasyz işlemäge ýol açar”.

Täjigistan dünýäniň ähli söwdasyny sazlaşdyrýan bu guramanyň 158-nji agzasy bolar.
XS
SM
MD
LG