Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Bilim ulgamyndaky şikaýatlar


Okuwçy gyzlar Lagman weleýatynyň bir obasynda, açyk asmanyň astynda guralan klasda okaýarlar. 26-njy noýabr, 2012 ý.

Okuwçy gyzlar Lagman weleýatynyň bir obasynda, açyk asmanyň astynda guralan klasda okaýarlar. 26-njy noýabr, 2012 ý.

15 ýaşyndaky owgan gyzy Şeýla Kabulyň demirgazygyndaky bosgunlar lageriniň mekdebinde ençeme ýylyny geçirdi. Ýöne ol entäk hem öz adynyň nähili ýazylýandygyny we nähili ýazmalydygyny bilenok.

“Men Gurhan, dari, matematika, puştun, iňlis dili ýaly sapaklary okadym. Men jemi 11 sapaga gatnaşdym. Ýöne biziň mekdeplerimizde sapaklar ýok, sebäbi mugallymlar diňe birnäçe minutlyk gelýärler. Soňra-da olar gaýdýarlar. Şeýlelikde, biz hiç zat etmän oturýarys” diýip, Şeýla gürrüň berýär.

Owganystanyň ýene bir raýaty Ýunusyň iki çagasy hem Owganystanyň demirgazyk-gündogaryndaky Tahar welaýatynyň mekdebinde okaýar. Olar hem şeýle problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Ýunus bu hakda şeýle diýýär:

“Men Owganystanyň tutuş bilim ulgamyndan, mugallymlardan, dolandyryjylardan, hökümetden şikaýat edýärin. Biz öz ogullarymyzy mekdebe ugradýarys, ýöne olar ne birinji, ne-de ikinji, hat-da 12-nji synpda-da hiç zat öwrenenoklar. Bilim Ministrligi mugallymlara aýlyk töleýär, ýöne çagalar hiç zat öwrenenoklar.”

Bu ýagdaý barada Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň “Owgan” gullygyna tutuş Owganystanyň çägindäki okuwçylardan we ene-atalaryndan birnäçe şikaýat haty gelip gowuşdy.

Ýurduň oba ýerlerinde, şol etrabyň meýdan komandirleriniň ýa-da güýçli tire-taýpa ýolbaşçylarynyň öz garyndaşlaryny mugalym hökmünde wezipä aldyrandygy barada kän gürrüň edilýär. Şunlukda, mugallym hökmünde wezipä bellenen şol adamlaryň aglabasynyň öz wezipesine mynasyp däldigi aýdylýar.

Hökümet barlaglara taýýarlyk görýär

Bilim ministriniň orunbasary Mohammad Sedik Patman Kabuldaky hökümetiň barha artýan şikaýatlardan habarlydygyny aýdýar:

“Biz, okuwçylaryň ençeme ýyl mekdebe gatnasa-da, okap ýa-da ýazyp bilmeýändigi baradaky bu tankydy bütin ýurda degişli diýip bilmeris. Ýöne bu problema köp mekdeplerde we obalarda bar.”

Patman, ähli 8 million okuwçyny öz içine alýan, ýagny çagalar bagyndan başlap 12-nji synpa çenli bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi we hiliniň ýokarlandyrylmagy üçin nähili özgertmeleriň zerurdygyny anyklamak maksady bilen, ministrligiň derňew geçirmäge taýýarlanýandygyny aýdýar. Derňew ýurduň çägindäki 14 müň mekdebi öz içine alar. Şol mekdeplerdäki mugallymlaryň üçden bir bölegi zenan bolup, olaryň sany 190 müňden yabaratdyr.

“Birinji synpdan başlap 12-nji synpa çenli gowulandyrylmagy zerur. XXI-nji asyryň standartlary biziň bilim ulgamymyza girizilmeli. Häzirki bilim ulgamy adamlary býurokratik kätip bolmaga taýýarlamak üçin döredilipdir. Ýöne häzirki wagtda kätiplige zerurlyk ýok. Bize hakykatdan hem gerek zat, tehnologiýany hem-de tejribäni bilýän adamlar. Günbatarda kompýuter ýa-da beýleki tehnologiýalar 100 adamyň edýän işini edýär. Bize gerek zat hem şol” diýip, Patman aýdýar.

Daşary ýurtlaryň maliýe hemaýatlary

Britan mediasynyň, britaniýaly resmilere salgylanyp, ýakynda ýaýradan maglumatyna görä, soňky 10 ýylyň dowamynda London Owganystanyň Gilman welaýatynda mekdep gurmak üçin milionlarça dollar çykdajy edipdir. Habarda aýdylşyna görä, resmiler binalaryň gurluşygy tamamlanandan soň, mugallymlaryň we maliýe serişdeleriniň ýetmezçilik edýändigi sebäpli, owgan hökümetiniň bu mekdep binalaryndan peýdalanyp bilmejegini anyklapdyrlar.
Okuwçy gyzlar çadyrda açylan klaslarda okaýarlar. Jalalabad, 4-nji oktýabr, 2012 ý.

Okuwçy gyzlar çadyrda açylan klaslarda okaýarlar. Jalalabad, 4-nji oktýabr, 2012 ý.


Britaniýanyň Owganystandaky ilçisi Riçard Stag, ýaňy-ýakynda "The Guardian" gazetine beren interwýusynda, Owganystanda “adamlara maýa goýman, diňe göze görnüp duran zatlara” maýa goýmaklygyň ýalňyşdygyny, sebäbi adamlara goýulan maýanyň uzak möhletde peýdaly boljagyny aýtdy.

Durnuksyz territoriýalarda işlemek

Hakykatda, Owganystanly resmileriň aýtmaklaryna görä, durnuksyz territoriýalardaky köp mekdeplerde 100 amerikan dollar aýlyk bilen işlemäge islegli ýa-da mümkinçiligi bolan hünärli mugallymlary tapmak kyn. Ökde mugallymlar hem Talybanyň agdyklyk edýän etraplarynda söweşijileriň ölüm gorkuzmalaryndan alada edýärler.

Şu ýyl Bilim ministrligi Talybanyň agdyklyk edýän territoriýalary bolan Gandahar we Oruzgan welaýatlarynda işlemäge islegli bolan hünärli mugallymlar üçin 1000 amerikan dollaryndan gowrak aýlyk tölemegi teklip etdi. Adaty aýlygyň 10 essesidigine garamazdan, Patman bu tekliplere kabul hiç bir hünärli mugallymyň isleg bildirmänligini aýdýar.

Netijeleri...

Germaniýanyň hökümeti esasy bilimi we hünär okuwyny maliýeleşdirmek üçin 2002-nji ýyldan bäri 10 müňlerçe dollar harçlapdyr. Germaniýanyň 2010-njy ýyldaky berýän hasabatynda tassyklamagyna görä, Owganystanda işjeň mugallymlaryň diňe ujypsyzja bir bölegi berk bilim we mugallym taýýarlamak programmasyndan geçip bilipdir.

Netijede, häzirki wagtda Germaniýa birnäçe welaýatdaky mugallymlary türgenleşdirmekdäki inisiatiwa köp üns berip başlady. Bu maksat bilen, noýabr aýyndan başlap, Germaniýanyň maliýeleşdirýän Kabuldaky merkezinde hem ussat we tehniki institutlar üçin mugallymlar taýýarlanmaga başlandy.

Şeýle hem, owgan hökümeti şu ýyl 11 müň sany täze mugallymy işe almak isleýändigini we mundan başga-da 48 müň sany orta mekdebi tamamlan okuwçyny mugallym edip taýýarlajakdygyny yglan etdi. Mundan başga owgan hökümeti mugallym taýýarlamak barada welaýatlarda geçirilýän seminarlary hem maliýeleşdirýär. Ýöne şol seminarlara gatnaşanlaryň käbiri bu tagallanyň o diýen netijesiniň ýokdygyny, serişdäniň biderek harçlanýandygyny aýdýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG