Sepleriň elýeterliligi

ŽGK dünýä boýunça 232 žurnalistiň tussagdygyny aýdýar


Žurnalistleri goramak baradaky komitet dünýä boýunça 232 žurnalistiň tussaglykda saklanýandygyny aýdýar.

Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän metbugat azatlygy guramasynyň sişenbe güni çap eden hasabatynda NATO-nyň agzasy bolan Türkiýäniň žurnalistleri tussag etmekde iň öňde barýandygy, bu ýurtda 49 žurnalistiň demir gözenegiň aňyrsynda saklanýandygy aýdylýar.

Žurnalistleri tussag etmekde ikinji ýeri Eýran eýeleýär, bu ýurtda 45 žurnalist gözenek arkasynda otyr.

Bu meselede üçünji orun Hytaýa degişli, ol ýerde 32 žurnalistiň tussagdygy, şolaryň hem 19-synyň tibetli ýa uýgurdygy aýdylýar. Mälim bolşy ýaly, tibet we uýgur jemgyýetleri Pekinden bölünmek isleýär.

ŽGK-niň geçen ýyl hasaba alan tussag žurnalistleri bu ýylkydan 53 žurnalist azdy. Bu ýyl guramanyň 1990-njy ýyldan bäri dünýäde tussag edilen žurnalistleriň sany boýunça geçirýän barlagynda iň kän tussagly ýyl boldy.

Hasabatda hökümetleriň žurnalistlere köplenç terrorçylyk, dönüklik we hökümeti agdarmak barada günä bildirýändigi aýdylýar. Häzir dünýäde tussaglykda saklanýan žurnalistleriň azyndan 132-si şeýle aýyplamalar bilen tussag edilipdir.
XS
SM
MD
LG