Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda nobatdaky günä geçiş yglan edildi


Türkmenistanyň prezidenti G. Berdimuhamedow 12-nji dekabrda baýram edilýän Bitaraplyk güni mynasybetli nobatdaky günä geçiş kararyna gol çekdi. Ol bu barada 10-njy dekabrda geçirilen hökümet maslahatynda aýtdy.

Prezident Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýewe günäsi geçilen raýatlaryň baýramçylyga çenli öz maşgalasyna gowuşmagy üçin zerur bolan çäreleri görmegi tabşyrdy.

Şeýle-de prezident Berdimuhamedow häkimiýetleriň azatlyga çykan tussaglary iş bilen üpjün etmelidigini aýdy.

Bitaraplyk güni mynasybetli günäsi geçilenleriň sany, olaryň içinde syýasy tussag hasaplanýanlaryň bardygy ýa ýokdugy aýdylmaýar.
XS
SM
MD
LG