Sepleriň elýeterliligi

Pentagon Owganystanda öňegidişlik, Pakistanda kemçilik görýär


Birleşen Ştatlaryň Goranmak departamentiniň täze hasabatynda Owganystanyň gür ilatly ýerlerinde zorlukly wakalaryň biraz azalandygy aýdylýar.

Emma hasabat Pakistanyň howpsuzlyk problemasy bolup galýandygyny, sebäbi yslamçy jeňçileriň Pakistanyň territoriýasyny hüjüme taýýarlanmak üçin amatly ýer hökmünde ulanmagy dowam etdirýändigini aýdýar.

Hasabatda Owganystanyň uly şäherleriniň köpüsinde howpsuzlygyň mazaly ýokarlanandygy bellenýär.

Bu töwereklerde 2012-nji ýylyň ilkinji dokuz aýyndaky jeňçi hüjümleri üç prosent çemesi azalypdyr. Muňa garamazdan, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, wepat bolan graždan adamlaryň sany 18 prosent ýokarlanyp, 2700 çemesi bolupdyr.
XS
SM
MD
LG