Sepleriň elýeterliligi

Günä geçiş guramasy Owganystanda aýallar resmisiniň öldürilmegini ýazgarýar


Adam hukuklaryny goraýan Amnesti Internäşnl guramasy Owganystanyň Laghman weleaýatynda Aýallar baradaky edaranyň ýerine ýetirji direktory Najiýa Siddikiniň janyna kast edilmegini ýazgaryp çykyş etdi.

Amnesti Intrenäşnliň Birleşen Ştatlardaky ýerine ýetirji direktory Sýuzan Nosseliň ýazmaça beýanatynda Siddikiniň ölümi Owganystanda aýallaryň garşysyna edilýän zorlugyň hopukdyryjy sahnasynyň bir bölegi diýilýär.

Bu beýanat owgan howpsuzlyk güýçlerini adam hukuklaryny goraýan aýallaryň howpsuzlygyn ýene bir gezek üpjün edip bilmezlikde aýyplaýar.

Şeýle-de onda Birleşen Ştatlaryň Kongresiniň owgan aýal-gyzlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky kanunçylygy tassyklamagyna çagyrylýar.
XS
SM
MD
LG