Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň prezidenti Germaniýada Merkel bilen duşuşýar


Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew sişenbe güni Berlinde german kansleri Angela Merkel bilen duşuşýar.

Merkeliň websaýtynda aýdylmagyna görä, gepleşiklerde ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklar barada gürrüň edilmegine garaşylýar. Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän Hýuman Raýts Wotç guramasy Merkeli Atambaýew bilen duşuşyk mahalynda “çynlakaý adam hukuklary aladalaryny” bildirmäge çagyrdy.

HRW-yň beýanatynda gyrgyz häkimiýetleri “esasy adam hukuklaryny basgylamakda” aýyplanýar. Onda günorta Gyrgyzystandaky hukuk bozulmalar, etniki özbekleriň 2010-njy ýylyň iýunynda etniki özbekler bilen gyrgyzlaryň arasynda bolan gandöküşiklik bilen bagly tussag edilýändigi, gynalýandygy agzalýar.

HRW Merkeli gyrgyz häkimiýetlerinden adam gynaýanlaryň jezasyz galdyrylmagynyň soňlanmagyny, kanunyň hökmürowanlygynyň üpjün edilmegini we hukuk goraýjylary ýanamagyň bes edilmegini talap etmäge çagyrdylar.
XS
SM
MD
LG